Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda geçirilýän Medeni hepdeligiň çäginde şenbe güni “Awaza” syýahatçylyk zolagynda ýerli we daşary ýurt sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsertiň geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýän bu gala-konserte belli daşary ýurt estrada aýdymçylarynyň käbirleriniň ganaşjakdygy habar berilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Azatlyk Radiosy Russiýanyň belli aýdymçysy Filipp Kirkorowyň we türkiýeli estrada ýyldyzy Mustafa Sandalyň Türkmenistana konsert bilen geljekdigini tassykladyp bildi.

Jenifer Lopez

Geljek diýilýän daşary ýurt aýdymçylarynyň arasynda ABŞ-ly Jenifer Lopeziň hem bardygy aýdylýar.

Resmi Aşgabat bu barada maglumat bermese-de, bu aralykda Lopez bilen hem işleşen belli horeogrof, şol bir wagtda Lopeziň hallaşýany-da diýilýän Beau Kasper Smart özüniň sosial ulgamlaryndaky sahyplarynda “Şou üçin Türkmenistana rowana bolduk. Nirededigini bilmeýän halatyňyzda, ine, şu ýerde...” diýip Türkmenistanyň kartasynyň suratyny-da ýerleşdiripdir.

Ozal hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni konsertiň geçiriljekdigini habar berse-de, oňa anyk haýsy daşary ýurt aýdymçylarynyň gatnaşýandygy barada maglumat ýaýratmady.

Ýerli habarçylarymyz geçirilýän konsert barada adaty raýatlar üçin köpçülikleýin ýerlerde bildirişleriň asylmandygyny, çärä gatnaşmak isleýänlere biletleriň hem satylmaýandygyny aýdýarlar.

"Dokuň açdan habary ýok"

Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurbanow şeýle maglumat berýär: “Şol konserte biletler satylanok. Mümkin, daşary ýurtly aýdymçylaryň konsertlerine tomaşaçylar ýörite çakylyk boýunça çagyrylar”.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy, adatça, şular ýaly çakylyklaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň garyndaşlarynyň, olaryň tanyş-bilişleriniň arasynda ýaýradylýandygyny belleýär.

Habarçymyz Myrat Gurbanow daşary ýurtly ýyldyzlaryň gatnaşmagynda, giň gerimde geçirilýän konsertlere ilat arasynda oňaýsyz garaýyşlaryň hem bardygyny nygtaýar.

Ol: Ilatyň muňa garaýşy köplenç halatda negatiw bolýar. Bu aýdymçylary çagyrmak üçin örän köp möçberde pul serişdeleriniň sarp edilýändigi barada gürrüňler bar. Adamlarda bu konsertlere ‘dokuň açdan habary ýok’ diýen ýaly garaýyş bar. Ilatyň uly böleginiň ykdysady ýagdaýynyň pes bolandygy üçin, adamlar gymmat baha baýramçylyk çärelerinden nägile bolýarlar”.

Türkmenistanyň resmi metbugaty 24-30-njy iýun aralygynda geçýän Medeniýet hepdeliginiň döredijilik babatdaky işjeňlige badalga bermäge we milli medeniýetiň has-da ösmegine gönükdirilendigini ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG