Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" bilen näme üçin düşünşip bolanok?


"Talyban" hereketiniň ozalky söweşijileri.
"Talyban" hereketiniň ozalky söweşijileri.
"Talyban" bilen aradaky ýaraşyk gepleşikleriniň näme üçin doly ýola düşmeýändigi barada Ryan Ewans bilen söhbetdeşlik.

Azatlyk Radiosy: "Talyban" güýçleri bilen gürleşmek ençeme ýyllap owgan hökümetiniň, Birleşen Ştatlaryň, şeýle hem NATO-nyň syýasatydy. Ýöne hasabatda onuň syýasata öwrülmegine sebäp bolan oýlanyşyk we strategik sebäplere görä seçilip alnan bir mümkinçilik däl-de, söweş meýdanynda uçralan şowsuzlyklar diýilýär. Barlyşyk baradaky tagallalary gowşadan aýdyň bir strategiýanyň ýoklugymy?

Ewans: Owganystandaky amerikan esgerleriniň sany artdyrylanda, hemmeler pitneçilige güýçli gaýtawul bermek Owganystanyň ähli problemalaryny çözer öýdüp, bu pikiri gyzgyn garşylapdylar.

Bu başa barmansoň, "Talyban" güýçleri bilen gürleşmek täze çykalga öwrüldi. Ýöne gepleşikleriň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolan olaryň diňe ýaramaz gurnalandygy däl.

Olar garaşylan netijäni-de bermedi. Bu mesele barada Owganystanyň içinde bölünişikler bardy. Ýöne käbir ýurtlarda halkara derejesinde bolan bölünişikler-de şonça ähmiýetli.

Birleşen Ştatlarda bu bölünişik hökümetiň dürli departamentleriniň arasynda bardy. Halkara derejesinde hem Türkiýe, Saud Arabystany, Germaniýa, Britaniýa we Birleşen Ştatlar bar.

Bularyň hemmesi gepleşiklerde esasy roly oýnamaga synanyşýarlar, ýagny aşhanada aşpez köp. Olar bilelikde hereket etmediler. Aşa köp taraplar aşa köp wadalary berýärler. Şol sebäpden ähli zat garym-gatym.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda gepleşiklerde öňegidişligiň az bolandygynyň bir sebäbi munuň üçin saýlap tutulan wagtyň ýaramaz bolandygy diýilýär. Halkara güýçleriniň köpüsiniň geljek ýylyň aýagyna çenli Owganystany terk etmegi bilen Birleşen Ştatlaryň pozisiýasy gowşaýarmy?

Ewans: Gepleşikler üçin iň ýaramaz pursat - häzirki pursat. Biz gepleşikler baradaky gürrüňlere prezident Obama ýaragly güýçleri çykararys diýeninden soň başladyk.

Ýaragly güýçleri çykaryp barýarkaň, öwrülip, "Talybana" 'biz indi gidip barýarys, ýöne çykyp barýarkak ýüzümiziň ugruna siz bilen nähili-de bolsa bir ylalaşyga gelmegi çyndan isleýäris' diýýäris. Bu Owganystany terk etmek bir ýaramaz pikir diýildigi däl, ýöne gepleşikleriň içindekäň bu, elbetde, bir gelşiksiz zat.

Azatlyk Radiosy: Siz Birleşen Ştatlar Sowet Soýuzynyň 1980-nji ýyllardaky betbagtçylykly kampaniýasyndan sapak almady diýýärsiňiz. Bu sapaklar näme we Waşington geçmişde edilen ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk üçin ugruny üýtegdip bilermi?

Ewans: Sowet Soýuzy-da şular ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy, mysal üçin, ýokary derejedäki owgan lideri gepelşiklere garşy çykýardy, konflikti köşeşdirmegi ýa gowulandyrmagy mümkin bolan zerur reformalara garşy çykýardy.

Olar şeýle hem Owganystanda döwletiň tarapdary bolmadyk aktýorlary goldaýan boýun egmezek Pakistan bilen-de iş salyşýardylar. Pakistanyň bähbitlerinde şondan bäri üýtgän zat köp däl.

Biz hem ýaraşyga gowuşmazdan öň ýaragly güýçlerimizi çykarjak diýip yglan etmek bilen, şol tejribeleri başdan geçirýäris. Meni aladalandyrýan zat häzir biziň elimizden gelýän zatlaryň az hem [netijeli gepleşik alyp barardan] giçdigi. Biziň häzirki tutumymyz zyýanyň öňüni almak.

Azatlyk Radiosy: Gepleşiklerde bir böwsüş bolar ýaly, siziň pikiriňizçe, näme etmeli?

Ewans: Ilki bilen Birleşen Ştatlar geljek ýyl [ikinji we ahyrky möhleti tamamlananda, saýlawlaryň netijesinde] Karzaýyň häkimiýet başyndan aýrylmagy üçin ýeterlik derejede basyş etmeli.

Ol prezident köşgünde galmaly däl. Bu iş edilmeli, sebäbi ol Owganystany ikinji sepgide ýetirip, ony durnuklylaşdyryp biljek adam däl. Ikinjiden, ýaraşyk prosesine Owganystanyň özi eýeçilik etmeli, onuň diňe bir daşky keşbi bolmaly däl.

Birleşen Ştatlar bu prosesden çekilip, ol ýerde diňe goldawçy bolmaly. Üçünjiden, owgan hökümetiniň strukturasy barada esasy kanunda düýpli reforma geçirilmeli. Güýç-gudrat beýleki häkimiýetlere hem berilmeli, owgan hökümeti beýle merkezleşdirilen bolmaly däl.

Owgan hökümeti häzirkisi ýaly merkezleşdirilen ýagdaýda aman galyp bilmez. [Ýurduň] häzirki konstituision gurluşy ýaraşyk gepleşiklerini juda kynlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG