Sepleriň elýeterliligi

Däpler we täzeçillik: Zenanlaryň orny nirede?


Türkmen gyzlary

Türkmen gyzlary

Türkmenistan dünýewi döwlet we türkmenistanly aýal-gyzlar kanun öňünde erkekler bilen deň hukukdan peýdalanýar. Şonuň bilen bir wagtda, bir tarapdan garaşsyzlyk ýyllarynda dörän sosial problemalar, ikinji tarapdan daşarky dünýä bilen gatnaşygyň giňemegi, internet, mobil telefon ýaly täzelikleriň barha kän durmuşa ornaşmagy sebäpli aýal-gyzlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň, pikir-garaýşynyň, edim-gylymynyň hem belli derejede özgerýändigi aýdylýar.


Aýdaly, bir tarapdan maşgalasyndaky işsizlik, neşekeşlik ýaly sosial meseleler sebäpli kyn ýagdaýa düşýän, agyr işlerde işlemäge, ekleýjä öwrülmäge mejbur bolýan aýal-gyzlar köpelen bolsa, beýleki tarapdan açylýan ýurduň mümkinçiliklerinden has erkin peýdalanmaga çalyşýan zenan maşgalalaryň konserwatiw türkmen jemgyýetinde o diýen oňlanylmajak hereketlere baş goşýandygy bellenilýär.

Eger Türkmenistanda sowet döwründe häkimiýetler tarapyndan o diýen oňlanylmadyk dini ynançlara soňky iki onýyllykda has giň mümkinçilik berlendigini, netijede yslam dinine has yhlasly görünýän ýaşlaryň ösüp ýetişendigini nazara alsak, bu ýerde däpler we täzeçillik arasyndaky gapma-garşy garaýyşlaryň has köpelendigini görmezlik etmek kyn.


Mysal üçin, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen zenanlarynyň käbiri internet forumlarynda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki, durmuşdaky orny, edep-terbiýesi we beýlekiler barada pikirini aýdýan türkmen erkekleriniň käbiriniň gaty yzagalak düşünjä eýerýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, käbir türkmen gyzlarynyň internetde goýýan suratlary barada gahar-gazabyny, utanjyny beýan edýän, gyzlara has öýdeçil ýa asylly durmuş obrazyny “öwretmekçi” bolýan, öz pikir galybyna sygmaýan hereketleri edýän zenanlary utançsyzlykda aýyplamaga meýilli erkekler hem bar.



Mundan başga, gyzlary okatmagyň, olara has köp bilim mümkinçiligini döretmegiň tarapdarlary hem bar. Bu hili ýaşlar “has bilim-sowatly gyzlar erteki günüň sowatly, düşünjeli eneleridir, eneler sowatly bolsa, olaryň çagalary hem gowy okar we halk sowatly bolar” diýen pikirden ugur alýarlar.


Eýsem şu günki gün türkmen alýal-gyzlarynyň durmuşdaky, jemgyýetdäki orny nirede bolmaly we bu orun kimler tarapyndan hem nädip, nähili çelgiler esasynda kesgitlenmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşliginde şu meseläniň daşynda pikir alyşmakçy we siziň pikirleriňize garaşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG