Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nabukkonyň” geljegi sorag döredýär


"Nabukko" proýektiniň Ýewropa degişli bölegi.
"Nabukko" proýektiniň Ýewropa degişli bölegi.

“Nabukko” proýekti Ýewropa Bileleşiginiň Hazarýaka we Ýakyn Gündogar regionlaryndan uly möçberde tebigy gaz satyn almak bilen bagly iň uly umytlarynyň biri. Emma gaz öndürijiler “Nabukko” derek alternatiw turba ýollaryny saýlan halatynda “Nabukkonyň” durmuşa geçirilmegi şübhe astyna düşýär.

Ýewropany Hazar regiony we Ýakyn Gündogar bilen göni baglap biljek proýektiň durmuşa geçirilmegine on ýyl mundan ozal örän uly ynam bardy.

Awstriýadan Türkiýä çekilýan “Nabukko” atly gazgeçirijiniň Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan, şeýle-de Eýrandan, Yrakdan we Müsürden çekilen turbalar bilen birleşdirilip, bu ýurtlardan gaz akdyrylmagy göz öňünde tutulypdy.

"Nabukko"-Günorta Korridor proýektiniň kartasy, "BP" kompaniýasynyň resmi websaýtyndan
"Nabukko"-Günorta Korridor proýektiniň kartasy, "BP" kompaniýasynyň resmi websaýtyndan

Emma wagtyň geçmegi bilen “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek boýunça planlar hakykatdan daşlaşyp başlady.

“Nabukko” boýunça planlar

2012-nji ýylda “Nabukko” boýunça konsorsium gazgeçirijiniň Türkiýä degişli bölegini gurmak planlaryny ret edip, diňe ýewropa bölegini gurmak bilen çäklenmek kararyny yglan edensoň, proýektiň başda kesgitlenen möçberi-de çürt-kesik kemeldi.

Şeýle-de, “Nabukko” konsorsiumy turbanyň geçirijilik ukybyny azaldyp, ýylda 10 milliard kubometre ýetirmek barada gepleşiklere başlady. Baş gaz turbasynyň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubometr bolmaly diýlip, başda kesgitlenipdi.

Bu ýagdaý kynçylyk çekýän “Nabukko” proýektine ýene bir zarbanyň uruljakdygyny aňladýar.

28-nji iýunda Azerbaýjanyň iň uly gaz ýataklarynyň birinde özleşdiriş işlerini alyp barýan kompaniýalaryň Ýewropa gaz akdyrmak üçin “Nabukkony” däl-de, başga has gysga ýoly saýlap almak kararyny yglan etmeklerine garaşylýar.

Uzynlygy 900 kilometrlik “Trans Adriatik gazgeçiriji” Türkiýäniň günbatar serhedinden Gresiýanyň we Albaniýanyň üsti bilen Italiýa barýar. Bu turbanyň uzynlygy “Nabukko-Günbatar” ýagny “Nabukko” proýektiniň Ýewropa degişli böleginden 400 kilometr çemesi gysga bolmaly.

“Şah Deňiz-2” boýunça planlar

Azerbaýanyň “Şah Deňiz-2” gaz ýatagynyň özleşdirijileri “Trans Adriatik gazgeçirijisi” arkaly 2019-njy ýylda gaz akdyrmagy planlaşdyrýarlar. Bu turbanyň geçirijilik ukyby “Nabukkonyň” geçirijilik mümkinçilikleri bilen deň bolup, ýylda 10 milliard kubometrden ybaratdyr.

Global Energiýa barlaglary atly merkeziň bilermeni Julian Lee “Şah deňiz-2” gaz ýatagynyň önümleriniň eksporty boýunça gelnen karar “Nabukko” proýektiniň düýpli problemalary bilen bagly diýip hasap edýär.

Julian Leeniň sözlerine görä, “Nabukkonyň” uludygy esasy problemadyr. Şol bir wagtda-da turbany ýeterlik möçberde gaz bilen yzygiderli üpjün etmek üçin gaz çeşmelerini tapmak kyn iş. Üstesine, uly proýketiň tranzit tölegleri-de has uly bolýar.

“Şah Deňiz-2” gaz ýatagyny özleşdirijiler toparyna girýän Azerbaýjanyň “Sokar” milli nebit kompaniýasy, Britaniýanyň “BP”, Norwegiýanyň “Statoil” we Fransiýanyň “Total” kompaniýasy tarapyndan gelnen karar “Nabukkonyň” geljegi üçin gowulygy aňlatmaýar.

Strategiki ähmiýet

Bu ýagdaý “Nabukko” proýektiniň strategiki ähmiýetiniň söwda bähbitlerinden has ýokarda durýandygyny görkezýär.

“Nabukko” Ýewropa Bileleşiginiň öz gaz üpjünçiliginde Orsýetiň çig malyna garaşlylygyny azaltmak boýunça proýekt hökmünde göz öňünde tutulypdy.

Ýewropa Orsýetden ýylda 150 milliard kubometr gaz satyn alýar. “Nabukko” arkaly akdyrylmaly gazyň mukdary bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetden satyn alýan gazynyň mukdaryny 20% azaldyp bilýär.

Julian Lee proýketiň ykdysady bähbitlerine degişli tarapynyň mydama sorag astynda bolandygyny belleýär. Bilermeniň sözlerine görä, bu proýekt strategiýa taýdan ähmiýetli hasaplanýan hem bolsa, ony goldaýan Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar onuň gurluşygyna pul ýatyrmakçy däl.

“Nabukko” bilen bagly problemalar onuň durmuşa geçirilmegi üçin has bäsdeşlikli we maýa goýujylar üçin has bähbitli proýekt bolmalydygyny görkezý
XS
SM
MD
LG