Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul listowkalary ýaýratdyrmady


Günorta Koreýada polisiýa Phenýana garşy gönükdirilen listowka çagyryşlarynyň ýaýradylmagynyň öňüni aldy. Mundan ozal Demirgazyk Koreýa bu çärä gazaplylyk bilen jogap berjekdigini duýduryp, haýbat atypdy.

Şenbe güni günorta koreýaly aktiwistler içi gazly şarlary ulanyp, Demirgazyk Koreýanyň resmilerine garşy gönükdirilen 200 müňe golaý listowkany iki ýurduň serhediniň golaýynda howa uçurmakçy bolupdylar.

Haçanda Demirgazyk Koreýanyň harbylary bir şar hem uçurylsa, şol sebiti oka tutmak bilen haýbat atanda, Günorta Koreýanyň polisiýasy planlaşdyrylan çäräniň öňüni aldy.

Demirgazyk Koreýadan gaçyp gelen aktiwist Park Sang-Hak şenbe güni şeýle çykyş etdi: “Bu listowkalar Demirgazyk Koreýanyň halkyna hakykaty ýetirýär. Emma siz hökümetiň güýjüni ulanyp, biziň bu parahatçylykly çärämiziň öňüni alýarsyňyz. Siz dogurdan hem adamlaryň azatlyklaryny, günorta koreýalylaryň iň esasy hukugyny togtatmak isleýärsiňizmi?”

Günorta koreýaly aktiwistler köplenç içi gazly şarlary ulanyp, Demirgazyk Koreýanyň resmilerine garşy propogandany ýaýradýarlar.
XS
SM
MD
LG