Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Ksiňjanda gazaplylyk artýar


Hytaýyň döwlet mediasy ýurduň günbataryndaky Ksiňjan sebitinde gazaplylygyň artandygyny habar berýär.

“Global Times” habar gullugynyň şenbe güni beren maglumatyna görä, anna güni Hotan sebitinde motosikletdäki 100 golaý adam pyçaklar bilen ýaraglanyp, polisiýanyň ýerli edarasyny basyp almakçy bolupdyrlar.

“Terrorist hüjümi” diýlip atlandyrylan bu wakada näçe adamyň heläk bolandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat berlenok.

Şu hepdäniň başynda Ksiňjan regionynda bolan gazaplylykda 35 adamyň ölendigi hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG