Sepleriň elýeterliligi

Snowdeniň kakasy çykyş etdi


ABŞ-nyň ýaşyryn aňtaw maglumatlaryny ile äşgär eden Edward Snowdeniň kakasy, belli bir şertlerde, öz oglunyň yzyna – ABŞ meýletin dolanmagynyň mümkindigini aýdýar.

“NBC News” gullugyň habar bermegine görä, Lonnie Snowden ABŞ-nyň Adalat departamentine käbir şertleri öňe sürüp, hat ýazmakçy bolýar. Şol şertleriň arasynda Edward Snowdeni suddan owal tussag etmezlik; onuň jemgyýetçiligiň öňünde çykyş etmegine päsgel bermezlik ýaly maddalar bar.

Lonnie Snowden öz oglunyň gizlin maglumatlary syzdyryp kanuny bozan bolmagynyň mümkindigini, emma onuň ABŞ-nyň halkyna dönüklik edendigine ynanyp bilmeýändigini belledi.

Lonnie Snowden ogly bilen aprelden bäri habarlaşmandygyny-da sözüne goşdy.

Mundan bir hepde ozal 30 ýaşly Snowden Moskwa uçup, şol ýerden Ekwadordan gaçyp atalga sorady. Onuň häzir hem Moskwanyň aeroportyndadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG