Sepleriň elýeterliligi

Kameron Gazagystanda adam hukuklary meselesini gozgarmy?


Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew. London. 2012 ý.

Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron (çepde) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew. London. 2012 ý.

Şu hepdede Dewid Kameron Britaniýanyň premýer-ministri wezipesinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa sapar edýär. Onuň Gazagystana iki günlük saparynyň gün tertibinde energiýa we NATO güýçleriniň Owganystandan çekilmegine degişli meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar.

Britaniýanyň hökümet baştutanynyň bu saparynyň dowamynda Gazagystanda adam hukuklary bilen bagly problemalary gozgap-gozgamajagy köpleri gyzyklandyrýan esasy meseleleriň biridir.

Tankytlar

Gazagystanyň Atyrau şäheri Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kamerony kabul etmek üçin taýýarlanýar. Kameronyň Gazagystana iki günlük sapary 30-njy iýunda başlanýar.

Emma tankytçylar köçeleri arassalamak we şäheri tertibe salmak bilen bagly görülýän çäreleriň Kameronyň Gazagystandaky esasy problemalardan ünsüni sowmajagyna garaşýarlar. Gazagystan hökümeti tankyt edýänleri türmä basmak we habar serişdelerine basyş etmek ýaly hereketleri üçin halkara derejesinde tankyt edilýär.

Emma Merkezi Aziýa sapar edýän Dewid Kameronyň Gazagystana etjek bu saparynyň dowamynda energiýa meselesine has uly üns berjekdigi hem çak edilýär.

Britaniýa Gazagystanyň ägirt uly energiýa pudagynda maýa ýatyrýan iň uly daşary ýurt inwestorydyr. Britaniýanyň BG topary Gazagystan bilen bilelikde 1.2 trillion kubometr gaza we 1 milliard tonna çyg nebite baý diýip çak edilýän Garaçaganak ýatagyny özleşdirýär.

Owgan meselesi

Şeýle-de Gazagystan Günbatar döwletleriniň Owganystandan goşunlaryny çykarmaklary üçin esasy tranzit ýoludyr. Britaniýa öz harby goşunynyň müňlerçe esgerini we 6,500 konteýnere ýüklenen harby goşlaryny Gazagystanyň üstünden çykarmagy planlaşdyrýar.

Günbatar we Afrika regionlary boýunça merkeziň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Bhawna Dawe Kameronyň regiona saparynyň esasy maksadynyň energiýa, söwda we howpsuzlyk meselelere baglydygyny aýdýar.

Kameronyň Gazagystana sapary ýurdunyň tebigy baýlygyna daýanyp, halkara derejesinde öz abraýyny artdyrmaga çalyşýan prezident Nursoltan Nazarbaýew üçin amatly pursatdyr.

Içerki syýasat

Gazagystana Sowet Soýuzy dargaly bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Nazarbaýew ýurtda öz syýasy garşydaşlaryna basyş etmek we garaşsyz habar serişdelerini çäklendirmek bilen ýakasyny tanadan syýasatçy.

2011-nji ýylda Gazagystanyň polisiýasy, aýlyk haklary tölenmänsoň, Žanaözen şäherinde birnäçe aýlap protest geçiren parahat demonstrantlardan azyndan 15 adamy atyp öldürdi.

Bu gandöküşiklik bilen bir wagtda ýurduň birnäçe habar serişdeleri ýapyldy we Žanaözen wakalaryny ýazgaryp açyk çykyş eden birnäçe adama garşy sud işleri gozgaldy.
XS
SM
MD
LG