Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzyň migrasiýa gullugynyň öňi...


Nobata duran türkmenistanlylar

Nobata duran türkmenistanlylar

Soňky aýlarda Daşoguz şaher häkimliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň binalarynyň töwereklerinde adamlaryň we ulaglaryň juda köpelendigini görmek bolýar.

Öňki Çkalow häzirki Al-Horezmi adyndaky uly köçäň şu ýerdäki bölegini hyryn-dykyn eden awtoulaglara gözi düşende, şähere belet bolmadyk adamyň kellesine ilki bolup “bu ýerde-ha bir bolmaz iş bolupdyr-ow” diýen pikir gelýär.

Emma daşoguzlylaryň özleri bu ýere ýygnalan ulaglary, hemişe üýşüp, käte itekleşip duran, käte bolsa gykylyk-galmagal turuzýan märekäni görenlerinde nämäň nämedigini dessine düşünýärler. Şäheriň Al-Horezmi köçesiniň bu ýerinde döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat edarasy ýerleşýär, üýşup duran adamlar bolsa bu ýere täze pasport almaga gelenler.

Olaryň arasynda ýaňy nobat belläp, entek pasport almaň ugur-ýollaryny bilmeýänler bilen bir hatarda bu ýere üç-bäş, hat-da hepdeläp gatnanlar-da bar.

Gadambaý atly özbek milletinden bolan bir ýigit bu ugurda “baý tejribe” toplanlardan. Onuň äytmagyna görä, ol bu gün iň soňky nokadyna, ýagny pasport almaly pursatyna ýetipdir.

“Men bäş günläp bu ýere çöpçä gatnan ýaly gatnadym. Hiç hili anyk maglumat bolmansoň, meniň köp wagtym zerur bolan resminamalary toplamaga sarp edildi. Indi bu gün, nesip bolsa, pasporty alaryn diýen tamam bar” – diýip, Gadambaý atly ýigit begençli dillendi.

Adamlaryň kösençlikleri

Gadambaýyň sözlerine görä, il arasynda “zagran” diýilip atlandyrylýan täze türkmen pasportyny almaklyk ýeňil-ýelpaý iş däl.

“Adamlar gije sagat 23-den başlap bu ýere gelip ugraýarlar, ýagny ertirki nobatyň spisogyna adyny we familiýasyny ýazdyrdyp, özlerini belledýärler. Soň her bir sagatdan spisokdaky familiýalar okalýar. Kim-de kim ady tutulanda “men” ýa-da “bar” diýip seslenmese, onuň ady derrew çyzýlýar. Bu bolsa soňunda jenjele galmagala eltýär” – diýip, 26 ýaşly Gadambaý gürrüň berýär.

Meniň bilen söhbetdeş bolan beýleki nobata duranlaryň aýtmaklaryna görä, her bir raýat ýaşyna, maşgala we saglyk ýagdaýyna garamazdan täze pasport almaga hut özi gelip resminamalary doldurmaly, gol goýmaly ýerine gol çekmeli, surata düsmeli we özüniň barmaklarynyň yzyny galdyrmaly.

Şonuň üçin nobata garaşyp duranlaryň arasynda hasasyna söýenip duran ýaşy gartaşanlary-da, göwreli aýallary-da, aglaşyp-eňreşip duran çagalary-da görmek bolýar.

Migrasiýa gullugynyň öňündäki bu günler döräň görnüş köp zatdan habar berýär we käbir ynsanperwerlik bilen bagly bolan düşünjeler barada oýlanmaga mejbur edýär.

“Bu ýerde hiç kimem birek birege sylaşyk, rehimdarlyk edenok, sebäbi rehimdarlyk eden halatyňda sen ýene-de bir giden wagtyňy ýitirmeli bolýaň. Gün uzak garaşmakdan bizar bolanlaryň hiç birem öz wagtyny ýitiresi gelenok” - diýip, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz şäherindäki edarasynyň öňündäki duranlaryň biri aýdýar.

Onuň belleýşine görä, adamlaryň täze pasport almak bilen bagly kösençlikleri ähli ýerlerde uly-uly harplar bilen “Döwlet adam üçindir” diýilip ýazylan şygaryň manysyny tutuşlygyna diýen ýaly ret edýär.

“Men bir zada haýran galýan. Eger hakykatdanam döwletimiz adam üçin bolýan bolsa, onda bular nämüçin zagran pasporty almak meselesinde adamlara dürli oňaýlyklary, olaryň wagt ýitirmezlikleri üçin şertleri döredenoklar, olaryň kösenmezlikleri üçin interneti, häzirki zaman tehnologiýany, öňde baryjy tilsimatlary ulanmaýalar-ka?” – diýip, işi bitere gelen Gadambaý atly ýigit sorag berýär.

Howsalaň sebäbi

Welaýat migrasiýa gullugynyň adynyň tutulmazlygyny haýyş eden bir ofiseriniň düşündirişine görä, edaraň öňündäki adam üýşmeleň soňky günlerde san boýunça has hem artypdyr, munuň hem sebäbi bellenilen senäniň, ýagny 10-njy iýulyň golaýlap gelmegi.

“Bilişiňiz ýaly, 10-njy iýuldan soň ýurduň daşyna ýekeje-de raýat özüniň köne pasporty bilen çykyp bilmez, diňe täze biometrik pasporty edinenler daşaryk arkaýyn gidip bilerler. Ana, şonuň üçin hemme täze pasport almanyň kül-külüne düşdi, her kim öňünden alada edip, ätiýaçlygy elden gidirmejek” – diýip, gullugyň ofiseri ýagdaýy düşündirýär.

Onuň sözlerinden çen tutsaň, welaýatda ýaşaýan ilatyň belli bir bölegi özbek milletli raýatlar, olaryň bolsa goňşy döwletde köp sanly dogan-garyndaşlary bar.

Migrasiýa gullugynyň dürli äpişgelerine bolan nobatlaryň uzalmagynyň ýene-de bir sebäbi-de özbek milletinden bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň köpçulikleýin, özleriniň ähli maşgala agzalary, ýagny ýaş çagalary we garrylary bilen bir bada täze zagran pasportyny almaga gelmekleri bolupdyr.

“Beýle azara galmaz ýaly bu adamlara bolmanda iň bir ýönekeý şertleri, nobatlaryň döretmezligi üçin oňaýlyklary döredip bolanok-maý?” – diýip, beren soragyma Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň ofiseri iki egnini gysmak bilen jogap berdi.

Kerim Artykow – Türkmenistanly žurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.
XS
SM
MD
LG