Sepleriň elýeterliligi

"Çyn kişi çyn gözläp aldawa düşýär"


Abd al-Halim Ýasiryň çeken karikaturasy.

Abd al-Halim Ýasiryň çeken karikaturasy.

Tymsal

Düýn günortan, howaň tüýs yssy çagy,
Aýak süýräp, zordan ýetdim çarbaga.
Duşdum menden ozal ol ýerä baran,
Saç-sakgaly, gaş-kirpigem çal baba.

Çaý uzatdy,
Diýdi: - Demiňi dürse!
Soň diýdi: - Diňleseň, aýdaýyn tymsal.
Erkek kişi daragtdyr, çynardyr,
Saýalydyr, oňa şu güjüm mysal.

Bil sen, guşa meňzeş aýal diýen zat,
Gonar ol daragtyň depe, başyna.
Aşak düşüp, saýaň hözirin görmek,
Eger-eger gelmez akyl-huşuna.

Uçar gider başga daragta sary,
Şu ahwalat gaýtalanýar her günde.
…Gyzyklanyp görüp, aslyna ýetsem,
Telim ýylyň duly eken ol bende.

Göwünlik

Gardaş, ikimizi kän aldadylar,
Içigip äht galdy ynam kän ýola.
Bagry kebap edip, gyýylmaweri,
Pelek gerdeninde düşlen bu hala.

Bil sen, çyny ýoklar aldady bizi,
Olaryň ykbaly al, aldaw, ýalan.
Çyn kişi çyn gözläp aldawa düşýär,
Ynan, çyn ýaşaýar aldawa ýanan.
XS
SM
MD
LG