Sepleriň elýeterliligi

Obama Mandela barada çykyş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Günorta Afrikanyň ozalky lideri Nelson Mandelanyň “ruhy güýjüne” uly baha berdi. Obama bu çykyşyny şenbe güni Pretoriýada Günorta Afrikanyň prezidenti bilen gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda etdi.

Obama Mandelanyň jynsaparazlyga garşy alyp baran göreşiniň dünýäni ruhlandyrandygyny hem sözüne goşdy.

Bu aralykda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Nelson Mandela agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr.

ABŞ-nyň prezidenti we onuň aýaly Mişel Obama Mandelanyň maşgalasyny görmäge bararlar. Emma maşgala agzalarynyň eden haýyşyna hormat hökmünde, olar Mandelanyň ýatan keselhana otagyna barmazlar.

Afrika ýurtlaryna edýän saparynyň çäklerinde Obama Robben Aýlenda hem baryp görer. Mandela şol ýerdäki türmede tussaglykdaky 27 ýylynyň 18-sini geçiripdi.
XS
SM
MD
LG