Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri doglan gününi ýyldyzlar bilen belledi


Türkmen lideri doglan gününi J. Lo bilen belledi (Türkmenistanyň döwlet mediasyndan alnan şekiller)
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Türkmen lideri doglan gününi J. Lo bilen belledi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz 56-njy ýaş toýuny ullakan dabarada, 350 orunlyk gämide we meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň (ýa-da J. Lo), ors aýdymçysy Filip Kirkorowyň, Türkiýeden gelen meşhur ýyldyz Mustafa Sandalyň, arap ýyldyzy Nansy Ajramyň we hytaý, ukrain hem türkmen bagşylarynyň aýdymlary bilen belledi.

Türkmen bagşylarynyň aýdymlarynda "Arkadaga şöhrat!" diýen şygar gaýta-gaýta ýaňlandy.

Bu konsert şenbe güni agşam, iki milliard dollarlyk “Awaza” syýahat zolagynda guraldy.

Konsert Lopeziň “Happy Birthday, Mr. President!” diýen aýdymy bilen soňlandy.

Lopez energiýa baý, izolirlenen Merkezi Aziýa respublikasyna sapar eden ilkinji uly günbatar ýyldyzy diýip bilinýär.

Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy ("CNPC") Lopeziň saparyny özüniň gurnandygyny aýdýar. Bu kompaniýa türkmen gazyny Hytaýa ibermek bilen meşgullanýar.



HRF Lopezi tankytlaýar

HRF, Adam hukuklary fondy guramasy meşhur amerikan aýdymçysy Lopeziň prezident Berdimuhamedowyň doglan gününde aýdym aýtmagyny berk tankyt etdi.

The Hollywood Reporter” neşiri HRF-nyň prezidentiniň ýaýradan ýazmaça beýanatyna salgylanyp, şeýle ýazdy:

“Elbetde, Lopez we onuň daş-töweregindäki dostlary öz islän diktatorlarynyň öňünde çykyş edip, gazanç edip bilerler. Emma onuň bu hereketi 'Amnesti Interneşnl' guramasynyň Meksikada aýallara garşy zorluklary azaltmaklyga gönükdirilen programmalaryna gatnaşyp gazanan at-abraýyna uly zarba urýar” diýip, HRF-nyň perzidenti Tor Halworssen aýdypdyr.

Şeýle-de bu neşir Lopeziň wekiliniň heniz özlerine bu mesele barada hiç bir düşündirş bermändigini belläp, Türkmenistanyň adam hukuklaryny bozmakda we awtoritar dolandyryşda tankyt edilýändigine ünsi çekýär.

"Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar" diýip, “Human Rights Watch” guramasy 2012-nji ýylyň ýanwarynda çap eden hasabatynda aýdypdy. Şeýle-de ol hasabatda Türkmenistanyň daşary ýurt hökümetleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny giňeldýändigi, emma adam hukuklary meselesinde suwytly bir zat etmeýändigi aýdylýardy.

"The Hollywood Reporter" neşiri Lopeziň prezident Berdimuhamedowyň doglan gününde eden çykyşy biraz öň aktrisa Hilari Swankyň çeçen lideri Ramzan Kadyrow bilen gatnaşan çäresini ýada salýar, şonda turan goh-galmagaldan soň Swank bu çärä gatnaşany üçin tölenen pullary sahawatlylyk fondlaryna geçiripdi diýip, makalanyň soňunda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG