Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň telefon gepleşikleri diňlenipdir


German žurnaly özleriniň E.Snowden tarapyndan syzdyrylan gizlin amerikan dokumentini görendigini, onda ABŞ-nyň içalçylyk programmalarynyň Ýewropa Bileleşigini hem nyşana alandygynyň belli bolýandygyny aýdýar.

“Der Spiýegel” žurnaly Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk gullugy (NSA) Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki, Waşingtondaky we BMG-däki ofisleriniň telefon gepleşiklerini ýaşyrynlykda ýazgy edipdir diýdi.

Bu gözegçilik ÝB-niň içerki kompýuter ulgamlaryny hem öz içine alypdyr we Milli howpsuzlyk gullugyna imellere, dokumentlere hem elýeterlilik beripdir.

Bu habarda 2010-njy ýylyň sentýabryna degişli gizlin NSA dokumentine salgylanylýar, ol dokument Snowdeniň eline düşüpdir.

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şuls bu aýdylýan zatlara haýran bolandygyny aýtdy we Waşingtondan doly düşündiriş talap etdi.

Snowden henizem Moskwadaky aýeroportda gizlenýändir öýdülýär.
XS
SM
MD
LG