Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda iki polis öldürildi


Ors resmileri ýekşenbe güni Çeçenistanyň Şatoý etrabynda güman edilýän jeňçilere garşy geçirilen ýörite operasiýada polisiýanyň iki ofiseriniň öldürilendigini, azyndan 15 ofiseriň bolsa ýaralanandygyny aýtdylar.

Şenbe güni geçirilen operasiýa mahalynda garşysyna çykylan ýaragly adamlaryň öldürilendigi ýa ýaraly bolandygy barada zat aýdylmady.

Polisiýa güman edilýän jeňçileriň gizlenýän daglyk ýeriniň daşynyň gabalandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG