Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron Gazagystana barýar


Deýwid Kameronyň ýekşenbe güni Gazagystana gelmegine garaşylýar.

Ol energiýa baý Merkezi Aziýa ýurduna iş başyndaka resmi sapar eden ilkinji britan premýer-ministri bolar.

Kameronyň prezident Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşmagyna garaşylýar, ol ony geçen ýyl Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlary mahalynda Gazagystana sapara çagyrypdy.

Britan we gazak taraplary öz biznes gatnaşyklaryny, şol sanda energiýa we transport pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryny berkitmek barada maslahat eder öýdülýär.

Emma Kameron adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly aladalar sebäpli basyşa sezewar bolýar.

Onuň saparyndan öň "Human Rights Watch" guramasy özüniň Gazagystanda adam hukuklary ýagdaýynyň düýpli ýarazmazlaşmagyndan, şol sanda adam gynamalary baradaky ynamdar habarlardan, hökümet tankytçylarynyň türmä basylmagyndan we metbugatyň berk kontrol astyna alynmagyndan uly alada galandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG