Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsürliler protest bildirýär


Müsürli protestçiler Kairiň Tahrir skwerinde toplanyp, prezident Muhammad Morsiniň iş başynda çekilmegine we täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýarlar.

Ýüzlerçe protestçi gijesini skwerde geçirdi.

Ýekşenbe güni Müsüriň demokratiki esasda saýlanan ilkinji prezidenti Morsiniň iş başyna geçenine bir ýyl doldy.

Protestçiler hereketi Morsinin işden çekilmegini goldaýan 22 million adamyň goluny ýygnandygyny aýdýar.

Oppozisiýa Morsiniň demokratiki reforma geçirmek mümkinçiligini ulanyp bilmändigini we muňa derek häkimiýeti “Musulman doganlygynyň”, yslamçy partiýanyň eline berendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG