Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda partlan ulag 14 adamy öldürdi


Pakistan resmileri ýarym harby güýçleriň konwoýyny nyşana alan ulag bombasynyň azyndan 14 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bu waka ýekşenbe güni, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäheriniň çetinde bolupdyr.

Polisiýa resmileri ýekşenbe güni bolan partlamanyň 25 adamy ýaralandygyny, birnäçe maşyny zaýalandygyny we golaýdaky dükanlara zelel ýetirendigini hem aýdýarlar.

Polisiýa ofiseri Jawed Merwat ýaralylaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Hassahana resmileri ýaralylaryň arasynda iki çaganyň we bir aýalyň hem bardygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG