Sepleriň elýeterliligi

Kerri progres gazanyldy diýýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekrektary Jon Kerri Ýakyn Gündogar parahatçylyk gepleşiklerinde hakyky progres gazanyldy, ýöne entek köp işiň edilmegi gerek diýdi.

Kerri ýekşenbe güni soňky iki günde pozitiw we wajyp maslahatlaryň edilendigini aýtdy. Ol bu barada Günbatar kenardaky Ramalla şäherinde, palestin prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşanyndan soň aýtdy.

Kerri şenbe güni giçlik Ýerusalimde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen duşuşdy.

Palestin we ysraýyl taraplarynyň arasyndaky göni gepleşikler 2010-njy ýylda togtadylypdy.
XS
SM
MD
LG