Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Mandelanyň bolan türmesini gördi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we onuň maşgalasy Robben adasyna, aparteide garşy göreşiň gahrymany Nelson Mandelanyň 27 ýyllyk türme tussaglygynyň 18 ýylyny geçiren ýerini görmäge bardy.

Obama, onuň aýaly we iki gyzy Mandelanyň tussag wagtynda işlän hek karýerine hem syýahat etdiler.

Olaryň ýolbeledi, 83 ýaşly Ahmet Katrada hem Mandela bilen Robben adasynda tussaglykda bolan adamdy.

Bu syýahat Obamanyň Afrika saparynyň bir bölegi bolmak bilen, amerikan prezidentiniň Günorta Afrika sapary mahalynda hassahanada agyr ýatan 94 ýaşly Mandela bolan hormat-sylagynyň bir nyşanydy.
XS
SM
MD
LG