Sepleriň elýeterliligi

Horwatiýa Ýewropa Bileleşigine agza boldy


30-njy iýundan 1-nji iýula geçilýän gije sagat 12-den soň Horwatiýa resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginiň 28-nji agza ýurdy boldy. Müňlerçe adam, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň resmileri soňky pursatlary sanamak üçin Zagrebiň merkezine ýygnanyşdylar.

Horwatiýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygy, onuň öňki Ýugoslawiýadan aýrylmagyndan 20 ýyl gowrak wagt soň, şeýle-de alty ýyl dowam eden dartgynly gepleşikleriň yz ýany bolup geçdi.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsi bergi krizisinden baş alyp çykmak üçin çykdajylary tygşytlamak we salgytlary ýokarlandyrmak arkaly ykdysady ösüşi janlandyrmaga çalyşýarlar.

Häzirki wagtda Horwatiýa hem haýal ykdysady ösüşi bilen kösenýär. Şeýle-de dört million ilatly bu Balkan ýurdunda işsizligiň derejesi häzirki wagtda 20 prosent töweregidir.

Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz Horwatiýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny gutlady. Ýöne Horwatiýanyň bileleşige agza bolmagy bilen, bileleşigiň “krizise jadyly çözgütleri” teklip etmeýändigini hem nygtady.
XS
SM
MD
LG