Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamalarda 50 adam öldi


Ýekşenbe güni Pakistanda bolan bomba partlamasynda 50-ä golaý adam öldi. Amala aşyrlan bu bomba partlamasynda Baloçistan welaýatynyň paýtagty Kwetta şäherindäki şaýy metjidi nyşana alnypdyr.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, bomba janyndan geçen hüjümçi tarapyndan metjide barýan adamlaryň ýolunyň ugrunda partladylypdyr.

Pakistanyň resmileri, howpsuzlyk güýçleri janyndan geçen bombaçynyň metjide girmeginiň öňüni almak bilen ölenleriň sanynyň 28 adam bilen çäklenmegine sebäp boldy diýýärler. Şeýle-de şol partlamada başga-da onlarça adam ýaralandy.

Mundan bir salym öň, Peşawar şäherinden geçip barýan parlament güýçleriniň ulag kerwenine amala aşyrylan bomba partlamasynda hem 17 adam öldi we ondan gowragy ýaralandy.

Şeýle-de Pakistanyň Weziristan tire-taýpalar regionynda ýoluň gyrasyna goýlan bombanyň partlamagy netijesinde dört esger heläk boldy.

Aýry-aýrylykda amala aşyrylan partlamalaryň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG