Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Hüjümçi öýdülýän öldürildi


Owganystanyň paýtagty Kabulda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan janyndan geçen hüjümçi diýip güman edilýän bir adam atylyp öldürildi. Bu barada Owganystanyň resmileri habar berýär.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk boýunça direktoratynyň duşenbe güni beren maglumatyna görä, bomba hüjümçisi agzalýan direktoratyň edarasyna ýakynlaşan wagty öldürilipdir.

Maglumatlarda hüjümçiniň harby eşikde bolandygy aýdylýar. Häzire çenli bu hüjümi kimiň amala aşyrmaga synanyşandygy barada takyk maglumat ýok.

Ýöne soňky hepdelerde “Talyban” hereketi Kabuldaky prezident köşgüne, Ýokary suduň edarasyna, aeroporta, ynsanperwer kömegini edýän halkara toparyna bomba hüjümlerini amala aşyrypdy.

Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amala aşyrylýan hüjümlere garamazdan, öz hökümetiniň “Talyban” bilen gepleşikleri geçirmäge meýillidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG