Sepleriň elýeterliligi

Altynyň bahasy näme üçin pese gaçýar?


Altyn

Altyn

Uzak ýyllaryň dowamynda nyrhy yzygiderli göterilen altynyň bahasy indi gitdigiçe pese gaçyp barýar. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň sebäpleri barada gürrüň etmekçi.

Altynyň bahasy näçeräk arzanlady?


Geçen iki hepdäniň dowamynda altynyň bahasy takmynan 15% arzanlady. Penşenbe güni, ýagny 27-nji iýunda gyzylyň bir unsiýasynyň bahasy 1180 amerikan dollaryna çenli düşdi. Bu bolsa altynyň geçen üç ýylyň içinde düşen iň arzan bahasydyr.

28-nji iýunda nyrh sähelçe galyp, bir unsiýa altyn 1202 amerikan dollaryna barabar boldy. 2011-nji ýylda unsiýasy 1895 dollara deň bolan altynyň bahasynyň bu günki gün aşa pese gaçmagy bilen analitikler maýadarlar üçin altynyň indi gadyrynyň ýokdugyny we nyrhyň mundan beýläk hem pese gaçjakdygyny aýdýarlar.

Altynyň bahasy näme üçin arzanlaýar?

Adamlar iki ýagdaýda altyna pul goýýarlar. Birinjisi, olar haçan-da inflýasiýadan gorkanlarynda, özleriniň nagt pullarynyň gymmatyny saklap biljek bir zada maýa goýmak isleýärler. Ikinjisi, olar haçan-da banka goýan pullaryndan kän bir girdeji görmeseler, onda gaznadaky pullaryny altyna goýup, has gowy girdeji gazanmak isleýärler.

Şeýle aladalar adamlary altyn almaga mejbur edipdi, ýöne olar 2008-nji ýyldan bäri dowam edýän global ykdysady krizisi görüp, ýagdaýy täzeden seljermeli bolýarlar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi bankynyň başlygy Ben Bernanke 19-iýunda eger-de amerikan ykdysadyýeti we zähmet bazary ösüşini dowam etse, Birleşen Ştatlaryň Merkezi bankynyň şu ýylyň ahyryna çenli döwlet ykdysadyýetine häzirki goşýan aýlyk 85 milliard dollarlyk goşantlaryny azaltmaklarynyň ahmaldygyny aýan etdi. Ýagdaý şeýle bolanda amerikan bazaryna goşmaça pul kömegi bolar we bu hem inflýasiýany gowşadyp, gazanjyň ýokarlanmagyna getirer.

Düýbi Londonda ýerleşýän Ykdysadyýet we Biznes barlag merkeziniň ykdysadyýetçisi Çitraj Çannanyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň Merkezi bankynyň meýilnamalary ykdysadyýetde ygtybarly zolak döreder. Altynyň az idelýän haryda öwrülmeginiň sebäbi hem ykdysadyýetdäki ygtybarly zolak bilen baglanyşyklydyr.

“Inflýasiýanyň ýokarlanmagynyň öňüni aljak çärelere kän bir talap bolmaz. Merkezi bankyň maliýe programmalary gowşap, gazanç görkezijileriniň ýokarlandygyça inflýasiýa kän bir ýokary galmaz, ýagny beýle diýmeklik, altyna kän bir talap bolmaz diýildigidir.”

Beýleki sebäpler

Altynyň nyrhynyň pese gaçmagynyň başga-da goşmaça sebäpleri barmy? Hawa, bar we şol sebäpler altyn satyn alýan maýadarlaryny gyzyklandyrar.

Global ykdysady krizis döwründe birentek ýurtlar altyn gaznalaryny galňatmaga çalyşdylar. Indi olar mundan beýläk hümmetini ýitirmegi ahmal bolan gymmatly metalyň hemmesini saklap oturyp bilmezler. Bütindünýä altyn geňeşiniň görkezijilerine görä, geçen ýyl merkezi banklaryň satyn alan gyzylynyň mukdary soňky 48 ýylda edilen altyn söwdasynda iň ýokary derejä ýetdi we bu global talabyň 12 göterimini düzýär.

Ýöne altynyň nyrhynyň düşýän döwründe altyn satyn almaklyk gaty garaşylmadyk söwda öwrülip barýana çalymdaş. Orsýet, Türkiýe, Azerbaýjan we Gazagystan ýaly döwletler şu ýylyň mart aýynda altyn gaznalaryny dykalap doldurdylaram welin, apreliň ortalarynda altynyň unsiýasynyň bahasy 270 dollar arzanlap, gymmatly metalyň bahasy ýere degdi.

Indi Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy bilen, amerikan dollarynyň hümmeti hem birden galyp başlana meňzeýär. Merkezi banklar göwneseler, altyn satyn alyp bilerler ýa-da öz walýutalaryny durnukly saklap bilerler we olaryň altynyň bahasyna eden ozalky basyşlary ýeňlär.

Altynyň bahasynyň galmagy näderejede rasional ýa-da rasional däl bolup biler?

Islendik haryda, aýratynam jadylaýjy altyna goýlan maýa goýumlary mydamada adamlaryň hemmesiniň bir wagtda hereket etmegine getirýän umytlardan ýa-da gorkulardan täsirlenýär.

Londondaky Kapital ykdysadyýet merkeziniň haryt barlag bölüminiň başlygy Žulian Žessapyň aýtmagyna görä, häzirki günlerde altynlaryny satýanlar ykdysady durnuklylygyň çalt bozulmak ýagdaýyny aşa ulaldýarlar.

“Meniň pikirimçe, şol aladalar ulaldylýar. Birleşen Ştatlaryň Merkezi banky belli bir wagta çenli gymmat baha harytlary satyn almagyny, pul bazasyny giňeltmegini dowam eder. Aluw-satuwdan galýan peýdanyň mukdary häzirlikçe gaty pesligine galar. Bu ýagdaý diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda däl-de, beýleki uly göwrümli ykdysadyýetlerde-de şeýle bolar. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, belli bir sebäpden altynlaryny satyp gutaranlar ýagdaýyň halys gözüni çykardylar. Ýöne Birleşen Ştatlaryň Merkezi bankynyň aýdan zatlaryndan soň altyna berilýän ünsde gaty uly hem görnetin üýtgeşiklik bolup geçdi”.

Altynyň bahasynyň arzanlamagynda belli bir çäk bolarmy?

Ynha, şu hemmeler üçin iň kyn sorag. Jessap bahanyň ýakyn wagtda durnuklaşmagyna garaşýar. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Biz ýakyn wagtda altynyň bahasynyň tegeleklenjekdigini duýýarys. Ýuwaşlyk bilen ýagdaýy şu derejä ýetiren faktorlar ulaldyldy. Ýöne, muňa garamazdan, biz altynyň bahasy soňky ýyllardaky ýaly gymmat nyrhyna täzeden ýeter öýdemzok. Sebäbi ol wagtlar altynyň bahasy bolup biljek iň erbet ýagdaýlardan, giperinflýasiýadan ýa-da maliýe sistemalarynyň düýbünden çökmeginden gorkulyp galdyryldy. Meniň pikirimçe, indi olar ýaly gorky ýok”.

Jessabyň çaklamagyna görä, altynyň bahasy ýene täzeden bir tijenip alar. Iň bolmanda häzirki nyrhynda saklanar, ýa-da bolmasa, sähelçe arzanlar.

Beýleki analitikler 2008-nji ýylda global ykdysady krizis başlananda altynyň unsiýasynyň bahasynyň 800 amerikan dollaryna barabar bolandygyna we şonuň üçinem gyzylyň bahasynyň şondan gaty bir aşak düşmejekdigini belleýärler.

Ýöne çaklamalardan ägäräk bolmaly. Şu ýylyň başynda analitikler altynyň bir unsiýasynyň bahasynyň 2000 amerikan dollaryna çenli baryp ýetjekdigini çaklaýardylar. Emma ýagdaý edil tersine boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG