Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-dan belli estrada aýdymçysy Jennifer Lopeziň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, onuň şanyna “Doglan günüňiz gutly bolsun, jenap prezident!” diýip hiňlenmegi adam hukuklaryny goraýjy aktiwstleriň gahar-gazabyny getirdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar şenbe güni “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Berdimuhamedowyň 56 ýaşynyň toýuna gabatlanyp geçirilen konsertde Lopeziň çykyş etmegini ýiti tankytladylar.

Aktiwistler Lopeziň doglan gününi gutlan adamynyň prezidentlik edýän ýurdunda şahsyýet kultunyň höküm sürýändigini, erkin metbugatyň ýokdugyny, ýerli ilatyň-da hor ýaşaýandygyny bellediler.

Tankytlar

Adam hukuklary fondy guramasy (“HRF”) Lopeziň çykyşy bilen bagly beýanat ýaýratdy. Lopeziň prezident Berdimuhamedowyň doglan gününde aýdym aýtmagyny berk tankyt eden HRF-niň perzidenti Tor Halworssen bu hakda şeýle diýýär: “Elbetde, Lopez we onuň daş-töweregindäki dostlary öz islän diktatorlarynyň öňünde çykyş edip, gazanç edip bilerler. Emma onuň bu hereketi 'Amnesty International' guramasynyň Meksikada aýallara garşy zorluklary azaltmaklyga gönükdirilen programmalaryna gatnaşyp gazanan at-abraýyna uly zarba urýar”.

Jennifer Lopeziň türkmen lideriniň doglan gününde aýdym aýtmagy dünýä metbugatynda-da berk tankyda sezewar boldy.

“Forbes” internet neşirinde “Jennifer Lopeziň söýgüsiniň bahasy bar, Türkmenistanyň diktatory üçin çykyş edýär” atly makala ýerleşdirildi. Makalanyň awtory Lopeziň mundan ozalky alyp baran jemgyýetçilik işlerini ýatlap, onuň Berdimuhamedow üçin eden çykyşyndan göwni galandygyny ýazýar.

"Bilnen bolsady..."

Köp sanly tankytlaryň yzy bilen Jennifer Lopeziň wekili ýekşenbe güni beýanat ýaýratdy, onda, hususanda, “eger-de [Türkmenistanda] adam hukuklary bilen bagly islendik mesele barada bilnen bolsady, Jennifer bu çärä gatnaşmazdy” diýilýär.

Şeýle-de beýanatda Lopeziň prezidenti gutlamak baradaky teklibiň “ahyrky pursatda”, onuň sahna çykmagynyň edil öň ýanyndan edilendigi nygtalýar.

Emma Lopeziň wekiliniň ýaýradan beýanaty hem käbir tankytlara sezewar boldy. “Forbes” internet neşirinde “Jennifer Lopeziň söýgüsiniň bahasy bar, Türkmenistanyň diktatory üçin çykyş edýär” atly makalada awtor: “Men bular ýaly bihaýa düşündirişi eşidendirinem öýdemok” diýip nygtady. Awtor Lopeziň işgärleri “Türkmenistanyň režimi barada 30 sekuntda internetden [zerur] maglumaty alyp bilerdiler” diýip ýazýar.

Jennifer Lopeziň Türkmenistana saparyny Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (“CNPC”) gurnandygy aýdylýar. Lopeze ”Awazadaky” çykyşy üçin näçe pul tölenendigi barada maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG