Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akbibi: "Mellekdäki ekinlerimiz guraýar"


Türkmenistanly kärendeçi bir zenan
Türkmenistanly kärendeçi bir zenan
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow öz çykyşlarynda ýurduň ähli welaýatlarynda daýhanyň gowy işläp, gowy hasyl ýetişdirmegi we gowy girdeji almagy üçin ähli şertleriň döredilmelidigini nygtap gelýär.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Daşoguz welaýatynyň kärendeçi daýhanlary suwuň, oba-hojalyk kombaýnlarynyň ýetmezçiliginden kösenýärler.

Kärendeçi daýhanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy özüni Akbibi diýip tanyşdyran pensioner zenan bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG