Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan: Tussag abraýly baýraga mynasyp boldy


Gazagystandaky tussaglaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän türmedäki belli aktiwist Adam hukuklaryny goramak boýunça 18-nji halkara “Ludovic-Trarieux” adyndaky baýrak bilen sylaglandy.

Duşenbe güni “Ludovic-Trarieux” baýragynyň komiteti, ýewropaly ýuristlerden düzülen 29 žuriniň gatnaşmagynda 20-nji iýunda Wadim Kuramşiniň agzalýan sylaga mynasyp görülendigini mälim etdi.

Agzalýan baýrak resmi taýdan Wadim Kuramşina 5-nji dekabrda Parižda gowşurylar.

Kuramşin adamlara haýbat atyp, gorkuzmakda günäli tapylyp, geçen ýylyň dekabr aýynda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Adam hukuklaryny goramak boýunça “Ludovic-Trarieux” baýragy 1984-nji ýylda dikeldilipdi.

Bu baýrak ilkinji gezek 1985-nji ýylda Nelson Mandela gowşurylypdy.
XS
SM
MD
LG