Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tankytçylar Lopezden nämä garaşýarlar?


Amerikan aýdymçysy Jennifer Lopez.
Amerikan aýdymçysy Jennifer Lopez.

Prezident Berdimuhamedowyň doglan güni Türkmenistanda çykyş edip, türkmen prezidentini gutlan amerikan pop ýyldyzy Jennifer Lopeziň wekili, adam hukuklary bilen bagly islendik mesele barada bilnen bolsady, Jennifer bu çärä gatnaşmazdy” diýdi. Jennifer Lopeziň 29-njy iýunda Awaza syýahat zonasynda G.Berdimuhamedowyň şanyna geçirilen konserte gatnaşmagy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berk tankyt edildi, internet ulanyjylar tarapyndan müňlerçe ýazgaryjy pikirleriň öňe sürülmegine sebäp boldy.

Dünýä derejesinde tanalýan şahslaryň, şol sanda aýdymçylaryň we kinoaktýorlaryň graždan jemgyýetçiligine basyş edip, ýakasyny tanadan ýurtlara saparlary, aýratynam şeýle ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň şanyna geçirilýän dabaralara gatnaşmaklary, halkara jemgyýetçiliginde protest döredýär.

Meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň 29-njy iýunda Awaza syýahat zonasynda G.Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçirilen konserte gatnaşmagy dünýä metbugatynda we onuň öz janköýerleri tarapyndan berk tankyt edildi.

Adam hukuklaryny goraýjylar tanymal şahslaryň şeýle hereketleri bilen öz at-abraýyny zulumkeş režimleri “kanunlaşdyrmak” üçin ulandyrýandygyny aýdýarlar.

Bähbidi näme?

“Human Rights Watch” guramasyndan Tanýa Lokşina “repressiw ýurtlaryň liderleri” öz abraýyny artdyrmak isleýän bolsalar, meşhur şahslar bolsa şeýle saparlara maliýe bähbidi üçin razy bolýarlar diýip düşündirýär.

Dürli ýyllarda, meşhur amerikan aktýory Žan Klod Wandamm, gyjakçy Wanessa Meý we ýene onlarça meşhur şahslar adam hukuklaryny ýyllar boýy gödek depelemekde tankyt edilýän Orsýet, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlarda çykyş edendikleri ýa etmekçi bolandyklary üçin tankyt astyna düşüpdiler. Ençeme tanymal adamlar bolsa, tankyt edilensoňlar, şeýle saparlardan saklanypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň wekili Reýçel Bagleriň sözlerine görä, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler öz tankytlary arkaly, ýapyk ýurtlara sapar edýän meşhur şahslaryň ol ýurtlarda adam hukuklarynyň ýagdaýyna üns bermeklerini isleýärler.

Ötünç soramak

Awtoritar döwletlerde geçirilýän gymmatbaha dabaralara gatnaşandygy üçin aýyplanan meşhur şahslaryň ýene biri amerikan aktrisasy Hillary Suonk 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Çeçenistanyň prezidentiniň doglan güni mynasybetli geçirilen uly dabara gatnaşyp, prezidenti sahnadan gutlandygyna özüniň ökünýändigini köpçülik öňünde yglan edipdi. Habar berlşine görä, ol munuň bilenem çäklenmän, bu syýahatyny gurnan agentlerini işden boşadypdy, şeýle-de ol 1,5 million dollar möçberde diýlip habar berlen gonoraryny ynsanperwerlik maksatlara gönükdirjekdigini yglan edipdi.

Jennifer Lopezyň metbugat wekili, “adam hukuklary bilen bagly islendik mesele barada bilnen bolsady”, onda Jennifer bu çärä gatnaşmazdy” diýdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar şeýle ýagdaýda diňe bir ötünç soramak bilen oňmaklygyň ýeterlik däldigini belleýärler.

Adam hukuklarynyň ähmiýeti

Tanýa Lokşinanyň pikiriçe, raýat azatlyklaryny depelýän režimlerden pul almak ahlak taýdan ýakymsyz bir ýagdaýdyr we meşhur adamlaryň öz abraýyna zeper ýetirýär. Şeýle ýagdaýda öz janköýerleri tarapyndan tankyt edilýän meşhur aýdymçylar üçin “şeýle saparlar maddy bähbitleri köplenç puja çykarýar” diýip, Lokşina belleýär.

Reýçel Bagler diktatorlyk syýasaty we adam hukuklaryny depelemek bilen ýakasyny tanadan döwletlere sapar edýän ady belli adamlar sapardan ozal çakylyk ýollan ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen tanyşmaly diýip hasap edýär.
XS
SM
MD
LG