Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew adam hukuklary problemasyny ret etdi


Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron (ç) we Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýew (s), Astana, 1-nji iýul, 2013

Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron (ç) we Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýew (s), Astana, 1-nji iýul, 2013

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Gazagystana sapar eden Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron bilen geçiren mebugat konferensiýasynda “bize nädip ýaşamalydygyny we ýurdy nädip dolandyrmalydygyny öwretmäge hiç kimiň haky ýok” diýdi.

Nazabaýew britaniýaly žurnalistiň özüne beren Gazagystanda adam hukuklarynyň we syýasy tussaglaryň ýagdaýyna degişli soragyna şeýle jogap berdi. Soňra-da Nazarbaýew sözüniň üstüni ýetirip, Gazagystanyň her bir raýatynyň “esasy hukuklar we azatlyklar bilen üpjün edilýändigini” aýtdy.

Baş tema

Dewid Kameron Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda gazak prezidenti bilen gepleşikleriň esasy temasynyň biznes bilen bagly boljagyny aýdypdy, emma ol “başga meseleleriň-de, şol sanda adam hukuklary temasynyň gepleşikleriň gün tertibinden çetde galmajagyny” duýdurypdy.

Duşenbe güni irden Kameron we Nazarbaýew ykdysady hyzmatdaşlyga degişli strategik partnýorlyk baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Gol çekişligiň yz ýany Nazarbaýew Gazagystanyň “Beýik Britaniýa bilen energiýa boýunça dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny” žurnalistlere aýtdy. Prezident Nazarbaýewiň sözlerine görä, Gazagystan öz çig malyny berip, maýa goýumlary we täze tehnologiýalary almaga taýýar.

Şeýle-de, Nazarbaýewiň sözlerine görä, dialogyň çäginde özara söwda, transport we raýat awiasiýasy boýunça ylalaşyklaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Dewid Kameron premýer-ministr wezipesinde Gazagystana ilkinji gezek sapar edýär.
Britaniýanyň premýer-ministri ýekşenbe güni Hazar deňziniň boýundaky Atyrau şäherine bardy we ol ýerde Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan garşy alyndy.

Energiýa hyzmatdaşlygy

Duşenbe günki Gepleşikleriň öňüsyrasynda Nazarbaýew we Kameron Hazar deňzindäki nebit -gaz işleýji täze zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. “Bolaşak” obýektiniň dolandyrylmagyna “Roýal Ducth Shell” kompaniýasy gatnaşýar.

Bu zawod Merkezi Aziýada iň iri ýataklaryň biri hasaplanýan “Qaşagan” nebit we gaz ýataklarynyň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde günde 450 müň barrell nebit we 8.8 million gaz işlener diylip göz öňünde tutulýar.

Kameron tebigy resurslara bay Gazagystana sapar edýän biznes toparyna ýolbaşçylyk edýär. Iki ýurduň arasynda baglaşylan söwda ylalaşygynyň 1 milliard dollar möçberde peýda getirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG