Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestçiler adalat isleýär


Ukrainanyň Wradiwka obasynda müň çemesi adam ýerli polisiýa bölümine zabt etdi, olar zorlugyň pidasy bolan aýal babatda adalaty talap edýärler.

Günortadaky Mikolaýiw oblastynyň bir obasynda jynsy zorluga uçran we urlup-enjilen 29 ýaşly aýalyň üstünden baryldy.

Biraz soň güman edilýän üç adam, şol sanda polisiýa ofiseri tussag edildi. Protestler duşenbe güni agşam, güman edilýänleriň biri bolan polisiýa ofiseri deslapky tussaghanadan boşadylandan soň möwjäp galdy.

Protetsçiler polisiýa bölüminiň aýnalaryny döwüp, onuň içine Molotow kokteýllerini, ýagny ýangyçly çüýşeleri zyňdylar.

Geçen ýyl Mikolaýiwde bir ýetginjek gyz zorlanyp, soň boglup öldürileninden we otlananyndan soň hem zorlukly protestler bolupdy.

Bu protestler polisiýa güman edilýänleri, ozalky hökümet resmileriniň çagalary bolan iki adamy tussagdan boşadanyndan soň turupdy.
XS
SM
MD
LG