Sepleriň elýeterliligi

Snowden Obamany günäleýär


Birleşen Ştatlaryň gaçgaklykdaky aňtaw işgäri Edward Snowden "WikiLeaks" arkaly beýanat ýaýradyp, prezident Barak Obamany özüniň gaçybatalga soran ýurtlaryna basyş etmekde günäledi.

"WikiLeaks" Snowdeniň 21 ýurda gaçybatalga sorap ýüz tutandygyny, şolaryň arasynda Orsýetiň, Ekwadoryň, Kubanyň we Wenezuelanyň hem bardygyny aýtdy.

Snowden Birleşen Ştatlar tarapyndan ýaşyryn gözegçilik programmalary baradaky dokumentleri syzdyranlygy üçin gözlenilýär.

Häzir ol Moskwadaky uçar meýdanynyň tranzit böleginde ýaşaýar diýip bilinýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Snowden Birleşen Ştatlara zelel ýetirmesini bes etse, Orsýetde galyp biler diýdi.

Şeýle-de Putin Snowdeni Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmejegini aýtdy.

Şu arada, metbugatda ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşiginiň edaralaryndaky telefon gürrüňlerini diňländigi, internet poçtalaryna gözegçilik edendigi barada çykan habarlardan soň, ýewropa liderleri Waşingtondan düşündiriş talap etdiler.

Soňky gowşan habara görä, Snowden Moskwanyň öňünde goýan şertlerinden soň, Orsýetden gaçybatalga soran arzasyny yzyna alypdyr.

Bu habary sişenbe güni W.Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow aýtdy.
XS
SM
MD
LG