Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Bombaçy metjidi nyşana alýar


Janyndan geçen bombaçy Yrakda şaýy metjidini nyşana aldy.

Mukdadiýada, Bagdadyň 80 km demirgazyk-gündogarynda, duşenbe güni bolan hüjümde azyndan 9 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Biraz öň BMG iýun aýynda Yrakda bolan zorlukly hadysalarda 761 adamyň öldürilendigini, 1700 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Zorlukly hereketler aprel, maý aýlarynda birden ýokarlanypdyr we Yrakda ýene mezhep konfliktiniň möwjemek ähtimallygy baradaky wehimi güýçlendiripdir.
XS
SM
MD
LG