Sepleriň elýeterliligi

«Human Rights Watch» Jennifer Lopeziň eger men bu Merkezi Aziýa ýurdunda adam hukuklarynyň bozulýandygyny bilen bolsam, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow üçin aýdym aýtmazdym diýen beýanatyny gutlady.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber Lopeziň aýdym aýdyşyny öwdi, ýöne bu ýurt barada bilmek üçin köp wagtyň gerek däldigini, şol sanda Gugla göze aýlamagyň ýeterlik boljakdygyny belledi.

Lopez şenbe güni agşam Türkmenistanda türkmen lideriniň doglan gününe bagyşlanan dabarada aýdym aýtdy.

Onuň wekili biraz soň, eger amerikan ýyldyzy Türkmenistanda adam hukuklary problemasynyň bardygyny bilen bolsa, bu dabara gatnaşmakdan ýüz öwrerdi diýdi.

Lopeze bu konsertde çykyş edeni üçin 1.5 million amerikan dollarynyň tölenendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG