Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Saýlaw güni belli boldy


Gürjüstanyň prezidenti geljekki prezident saýlawlarynyň gününi belli etdi: onuň kararyna görä, täze prezident saýlawlary 2013-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiriler.

Saakaşwili ýene bir möhlet prezident bolmaga synanmaz, sebäbi ol ikinji möhlet prezidentligini tamamlaýar.

Premýer-ministr Bidzina Iwanişwili geçen hepde Saakaşwiliniň iş başyndan aýrylandan soň tussag edilmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Iwanişwiliniň «Gürji arzuwy» koalisiýasy geçen oktýabrda paralament saýlawlarynda ýeňiş gazanaly bäri Saakaşwiliniň ýaranlarynyň birnäçesine jenaýat aýyplamasy bildirildi.

«Gürji arzuwy» koalisiýasy maý aýynda prezidentlige kandidatlyga bilim ministri Giorgiý Margawelaşwilini belledi.

Geçen hepde ozalky parlament spikeri Nino Burjanadze hem bäsleşige goşuldy.

Işçiler partiýasy bolsa, martda Şalwa Natelaşwilini kandidatlyga belledi.
XS
SM
MD
LG