Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Müsüriň perzidenti Mohammad Morsä telefon edip, Müsüriň barha beterleşýän syýasy krizisi babatda aladasyny bildirdi.

Ak tam sişenbe güni Obamanyň Morsiden öz syýasy garşydaşlaryna aýdylýan zatlary nazara alýandygyny görkezýän ädimleri ätmegi haýyş edendigini aýtdy.

Şu hepde millionlarça müsürli Morsä garşy bütin ýurt boýunça proteste başlady.

Morsiniň edarasy onuň harbylaryň duşenbe güni beren ultimatumyna garamazdan, öz syýasy ýaraşyk planyna eýermekçidigini aýtdy.

Harbylar duşenbe güni hökümetiň we oppozisiýanyň 48 sagat içinde ylalaşyga gelmegini talap edipdi.

Eger şeýle edilmese, harbylar özleriniň «ýol kartasyny» teklip etjegini habar beripdi.

Esasy oppozisiýa, Milli halas ediş fronty Morsi bilen gepleşmekden ýüz öwürdi.

Aýdylmagyna görä, şu hepde Müsüriň daşary işler ministri Mohamed Kamel Amr we ýene dört ministr işden çekilipdir.
XS
SM
MD
LG