Sepleriň elýeterliligi

Putin: "Snowden galyp biler, emma..."


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni çykyş edip, ABŞ-nyň Aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň Moskwada galyp biljekdigini, emma munuň üçin onuň azyndan bir şerti berjaý etmelidigini aýtdy.

Putin: “Eger-de ol bu ýerde galmak isleýän bolsa, munuň bir şerti bar, muny meniň aýtmagym geň bolup eşdilse-de: ol biziň amerikaly hyzmatdaşlarymyza zyýan berýän işlerini duruzmaly bolar” diýdi.

Häzirki wagtda Snowdeniň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň tranzit bölümindedigi çaklanylýar. Ol bu ýere 23-nji iýunda Gonkongdan gelipdi.

Gapma-garşy maglumatlar

Putiniň eden çykyşy bilen bir wagtda Snowdeniň ykbaly barada dürli-dürli maglumatlar gowuşýar. Russiýanyň “Interfax” habar gullugy Snowdeniň ýekşenbe güni syýasy gaçybatalga sorap, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportundaky konsullyk bölümine ýüz tutandygyny aýdýar.

Maglumata görä, konsullyk bölümindäki nobatçy Kim Şewçenko ýerli wagt bilen sagat 22:30-da, özüni Snowdeniň aklawçysy diýip tanadan Britaniýanyň raýaty Sara Harrisondan degişli arzany kabul edendigini tassyklapdyr.

Şol bir wagtda-da Russiýanyň Federal migrasiýa gullugynyň başlygy Konstantin Romodanowskiý Snowdenden hiç hili arzanyň gelmändigini mälim etdi diýip, “Interfax” we “Itar-Tass” habar gulluklary maglumat berýärler.

Snowden ABŞ-nyň dünýä boýunça alyp baran gözegçilik işlerini köpçülige äşgär etdi. Haçan-da Waşingtonyň özüniň ýaran ýurtlarynyň maglumatlaryna hem gözegçilik edendigi metbugata syzandan soň, uly dawa turdy.

"Yzyna bermeli"

ABŞ-nyň resmileri Snowdeniň pasportyny ýatyrdy. Şeýle-de Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Patrik Wendrell Snowdeniň gaçybatalga sorap ýazan arzasyna reaksiýa bildirip, Moskwadan Snowdeni Waşingtona tabşyrmagy sorady.

Wendrell: “Häzir bizde ol ýa-da bu maglumat ýok. Beýle zat dogrudan hem bar bolsa, onda rus resmileri ýa-da beýleki döwletler muny tassyklamaly. Emma bizde beýle maglumat ýok. Ol häzir hem Russiýada galýana meňzeýär. Biziň tutumymyz üýtgemedi: ol [ýurtdan] çykarylyp, yzyna – ABŞ-a berilmeli” diýip belledi.

Putin ýagdaýlaryň beýle özgermejekdigini nygtady: “Russiýa hiç haçan, hiç kimi, hiç kime tabşyrmady, muny etmäge meýli hem ýok. Bize-de hiç kim, hiç kimi tabşyrmandy”.

Emma, Putin Snowdeniň entegem gaçybatalga gözleýändigini sözüne goşdy: “Ol ýaşajak bir ýurduny saýlap, ol ýere aşmaly. Gynansam-da, men munuň haçan boljakdygyny bilemok. Eger-de bilen bolsam, men size häzir aýdardym”.

ABŞ-nyň prezidenti Barak obama Tanzaniýada eden çykyşynda Russiýanyň Snowdeni ABŞ-a tabşyrjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG