Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Iturup adasyndaky türkmenler"


Dünýä kartasyny açyp, Russiýa federasiýasynyň Ýaponiýa bilen arasynda ýerleşýän adalara ser salan mahalymyz, Ohot deňzinde ýerleşýän Iturup adasyny görýäris. Şol Iturup adasynda segseninji ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan göçüp giden we häzir 22 maşgala bolup ýaşaýan türkmenler bar.

Russiýa federasiýasynyň Sahalin welaýatynyň Kuril etrabynyň Iturup adasynda ýaşaýan şol türkmenleriň ýaşulysy gurluşykçy Kakajan Kemine ogly, adada ýaşaýan türkmenleriň taryhy, durmuşy we başdan geçirmeleri barada Azatlyk Radiosyna şeýle maglumatlar berdi.

Azatlyk Radiosy: Kakajan Kemine ogly siz nähili ykbal bilen Iturup adasyna düşdüňiz? Şeýle adada ýaşamaklyk pikiri sizde nähili döredi?

Kakajan Kemine ogly: 1987-nji ýylda garyndaşlardan harby wezipede işleýän birimiz meni şol ada işlemäge çagyrdy. Men çakylygy kabul edip ada gaýtdym. Menden soň bir dostum geldi. Ondan soň çagalarymyzy we maşgalalarymyzy çagyrdyk. Ynha şeýdip adada köpelip galdyk.

Wagtyň geçmegi bilen her kim öz dostuny ýa-da garyndaşyny ada çagyrdy. Biziň adadaky obamyz Kurilsk etrabyna degişli. Häzir adadaky türkmen ilatymyz çagalarymyz hem agtyklarymyz bilen bilelikde togsan adamdan gowrakdyr. Maşgala sany boýunça hem ýigrimi iki – ýigrimi üç maşgala töweregi bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz, Türkmenistandan nireden gaýtdyňyzmy?

Kakajan Kemine ogly: Biziň özümiz saýatly-lebaply. Şu ýerde Iturup adasynda ýaşaýan ýigrimi iki maşgalanyň hemmesi hem Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan. Bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň ýüzden segsen bölegi Saýatdan, galan bölegi bolsa Halaçdan we Lebabyň beýleki ýerlerinden.

Azatlyk Radiosy: Ýaşaýan adaňyzyň ady Iturup. Adanyň ady türkmençe ada meňzeýän ýaly. Adanyň ady nireden gelip çykýar we näme bilen baglanşykly?

Kakajan Kemine ogly: Adamyzyň ady owal ýaşan Aýny atly ýerli halkyň dilinden galan. Kunaşir, Tinaşir, Paramuşir diýip atlandyrylýan jemi ýigrimi ýedi sany ada bar. Olaryň hemmesi Sahalin welaýatyndaky Ohot deňziniň içinde ýerleşýär. Biziň adamyz şolaryň arasyndaky iň uly ada. Ýaponiýa iň ýakyn ada bolsa Kunaşir adasy. Biziň Iturup adamyz hem Ýaponiýa juda uzakda däl.

Azatlyk Radiosy: Iturup adasyndaky türkmenleriň Türkmenistan bilen gidiş-gelişleri nähili?

Kakajan Kemine ogly: Türkmenistana çagalarymyzyň ýagdaýyna görä gidip gelýäris. Dynç alyşlarymyzy ýa-da iş rugsatlarymyzy çagalarymyzyňkyda geçirýäris. Bir ýyl Hytaýa gidip, saglygymyza seretdirip geldik. Türkmenistana 2004-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda gidip geldik. Her üç-dört ýyldan Türkmenistana gidip garyndaşlarymyzy, bile okanlarymyzy, obadaşlarymyzy görüp gaýdýarys. Türkmenistany ýatdan çykaryp bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Her gezek Türkmenistana gideniňizde üýtgeşiklik ýa-da bir özgerişlik görýärsiňizmi, duýýarsyňyzmy?

Kakajan Kemine ogly: Bütin dünýä türkmenlerine bir hakykady aýdasym gelýär. Meniň aýtjak sözlerimiň bir syýasat ýa-da bir mahabatlandyrma bilen arabaglanyşygy ýok. Şu ýerde gyrgyzlar, özbekler bar. Olar wagtlaýynça gelip, işläp gidýärler. Şol işlemäge gelýän gyrgyzlar we özbekler bilen gürleşenimizde olar Türkmenistanyň ýaşaýşynyň özleriniňkiden gowudygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň halkynyň barynda ulagy bar. Şeýle ýagdaýda gowy ýaşaýandyklaryna üns çekýärler. Men 2004-nji ýyldan soň 2008-nji ýylda Türkmenistana gaýtadan bardym. Soňky gezek 2012-nji ýylda Türkmenistana gidip geldik. Her gezek baryp görenimde Türkmenistanyň ýagdaýynyň basgançakdan ýokaryk çykýan ýaly gowulanýandygyny gördüm.

Türkmenistanda garyndaşlarymyzyňka, dostlarymyzyňka, ýaşlykda bile önüp-ösen oglanlarymyzyňka, bile mekdep okanlarymyzyňka myhmançylyga baranymyzda şolaryň maşgala ýaşaýşynda her gezek öňküden has gowulanýandygyna şaýat boldum. Baran we gören ýerlerimizde ösüş gaty gowy.

Azatlyk Radiosy: Kakajan Kemine ogly, siziň ýaşaýan Iturup adasyndaky türkmenleriň ykdysady ýagdaýlary nähili?

Kakajan Kemine ogly: Bärde türkmenler hem gaty gowy ýaşaýarlar. Adada ýaşaýan türkmenleriň hemmesi işli. Iturup adasynda ýaşaýan türkmenlerimiziň arasynda dört sany maşgala harby wezipede işleýär. Olaryň biri kapitan, biri podpolkownik we ýene biri hem polkownik. Aramyzda şular ýaly abraýly türkmenler bar. Ir döwürde şu ýere göçüp gelip, öz çagalaryny hakyky türkmen däplerine görä ýetişdiren maşgalalar bar. Olar uly wezipelerde işläp ýörler.

Harby ýolbaşçylaryň özleri Saýatdan, aýallary bolsa Halaçdan. Iturup adasyndaky türkmenleriň hemmesi abraýly ýerlerde işleýärler. Meniň özüm hem 1987-nji ýyldan bäri gurluşyk pudagynda işläp gelýärin. Meniň öz gurluşykçy toparym bar we men hem olaryň ýolbaşçysy. Gurluşyk edaramyzda bolsa üç müňe golaý adam işleýär.

Häzir bir balykçylyk hojalygy desgasyny gurýarys. Bu ýerde hemmämiz öz türkmençiligimizi gowy saklaýarys. Ýaňky harby wezipede işleýän ýokary çinli türkmenlerimiz diňe türkmençiligi gowy saklamaklyk bilen çäklenmän, eýsem dini ygtykatlary hem hemme maşgala agzalary bilen doly ýerine ýetirip bäş wagt namazy hem berjaý edip ýörler.

Adada ýaşaýan türkmenlerimiziň arasynda ýörgünli bolan bir däp bar. Bu ýerde ýaşaýanlar öz çagalaryny Türkmenistandan öýerýärler. Ýetişen gyzlary barlar bolsa, olary Türkmenistana äkidip, şol ýerdäkilere durmuşa çykaryp gaýdýarlar. Biziň aramyzda türkmenden başga gyz berilenogam, alynanogam.

Iturup adasyndaky türkmenler üçin şol üýtgemejek bir kanun bar, olam ýaňky ýaly çagalaryny Türkmenistandan öýermek ýa-da gyzlary Türkmenistana durmuşa çykarmaklyk. Türkmeniň adyny garalamaly diýip ynha adada şeýdip ýaşap ýörüs.
XS
SM
MD
LG