Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda uçardan zarba uruldy


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ABŞ-a degişli diýilip güman edilýän uçar tarapyndan zarba urlandygy barada habar berilýär.

Pakistanyň razwedka resmileriniň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna aýtmagyna görä, çarşenbe güni irden bolan bu hüjüm Demirgazyk Waziristan regionynda ýerleşýän Dande Darpa Hel diýilýän ýerde bir binany weýran edipdir.

Resmiler bu ýerde “Hakkani” atly toparyň agzalarynyň bolandygyny habar berdiler. Waşington bu topara ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystanda hereket edýän halkara güýçlerine garşy söweşýän iň howply gozgalaňçy topar hökmünde garýar.

Bu hüjüm iýun aýynda Pakistanda Nawaz Şarifyň döwlet başyna geçmeginden soň amerikan uçarlary tarapyndan edilen ikinji hüjüm boldy. Şarif şeýle hüjümleriň ýurduň garaşsyzlygyny bozýandygyny aýdyp, olaryň bes edilmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG