Sepleriň elýeterliligi

Moralesiň uçary barlandy


Boliwiýanyň prezidenti Ewo Moralesiň uçary garaşylmadyk ýagdaýda Awstriýada gonmaga mejbur edildi. Muňa uçarda ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri häzir gaçyp gizlenýän Edward Snowdenyň bolmagynyň güman edilmeginiň sebäp bolandygy aýdylýar.

Awstriýanyň we Boliwiýanyň resmileri uçarda Snowdeniň bolmandygyny yglan etdiler. Prezident Morales Orsýetde geçirilen sammitden soň öz ýurduna barýardy. Boliwiýanyň hökümetiniň amerikan raýaty Snowdene gaçybatalga bermek meselesine garamakçydygy çak edilýär.

Fransiýa we Portugaliýa prezident Moralesiň uçarynda Snowdeniň bolmagynyň ähtimaldygy bilen bagly şübheler esasynda ony öz giňişliginden geçirmekden ýüz öwürensoň uçar Awstriýada gonmaga mejbur edilipdi.

Boliwiýanyň daşary işler ministri Dewid Çokehuanka Fransiýanyň we Portugaliýanyň uçary öz giňişliklerinden geçirmäge rugsat bermändikleri üçin düşündiriş bermelidiklerini aýtdy we bu ýurtlaryň hereketleriniň prezidentiň janyny howp astyna salandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG