Sepleriň elýeterliligi

Umarow olimpiýa oýunlaryna garşy


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynyň yslamçy gozgalaňçylarynyň lideri öz tarapdarlaryny 2014-nji ýylda Soçide boljak olimpiýa oýunlaryna degişli obýektlere hüjüm etmäge çagyrdy.

Demirgazyk Kawkazyň yslamçy gozgalaňçylar toparynyň websaýtynda çarşenbe güni ýaýradylan wideoda, özüni garaşsyz Kawkaz Emirligi, diýip atlandyran toparyň lideri Doku Umarow “regionyň ähli yslamçy söweşijilerini we beýleki orsýetlileri Şeýtanyň oýunlaryna” ýol bermezlige çagyrdy.

Şeýle-de, Umarow ýakynda “jyhadçy” hereketleriň ählisine girizen gadagançylygyny ýatyrýandygyny habar berdi. Umarow “Kreml biziň hoş niýetimizi ejizlik hökmünde kabul edýär”, diýip belledi.
XS
SM
MD
LG