Sepleriň elýeterliligi

Orsýet goşa raýatlygy ýatyrýar


Rus-türkmen goşa raýatlyk ylalaşygynyň hereketini ýatyrmak barada protokol Döwlet Dumasynyň garamagyna tabşyryldy. “RIA Nowosti” agentliginiň maglumatyna görä, prezident Wladimir Putin Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan we iki ýurduň raýatlaryna goşa raýatly bolmaga mümkinçilik döreden ylalaşygy ýatyrmak barada protokoly ratifikasiýa etmek üçin Duma tabşyrypdyr.

Türkmenistan we Orsýet arasynda goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak baradaky protokola 2003-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň prezidentleri tarapyndan gol çekilipdi. Türkmenistanyň Mejlisi bir aýyň dowamynda protokoly tassyklap güýje girizipdi. Şonda ylalaşygy ýatyrmak baradaky protokol Orsýetiň parlamenti tarapyndan ratifikasiýa edilmändi.

“RIA Nowosti” agentligi “häzirki wagtda ýokary derejede gelnen ylalaşyga görä, Döwlet Dumasynyň protokoly ratifikasiýa eden ýagdaýynda türkmen tarapy goşa raýatlaryň iki pasportly bolan ýylyna garamazdan olaryň ählisini täze türkmen pasporty bilen üpjün etmekçi”, diýip habar berýär.
XS
SM
MD
LG