Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Adam alyş-beriş programmasy” tankytlanýar


Özbegistanly bosgun musulmanlaryň çagalary Gazagystandan ekstradisiýa ediljek bolunýar. 2011 ý.

Özbegistanly bosgun musulmanlaryň çagalary Gazagystandan ekstradisiýa ediljek bolunýar. 2011 ý.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy ýörite hasabat ýaýradyp, onda Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýanyň we Ukrainanyň hukuk goraýjy edaralarynyň “gözlenilýän adamlary gynaýandygyny, olary bir ýerden başga ýere bikanun göçürýändigini” köpçüligiň dykgatyna ýetirdi.

Gürrüňi gidýän hasabat çarşenbe güni “Adam gynamalaryna dolanmak: Merkezi Aziýa ekstradisiýa, mejbury yzyna ibermek we göçürmek” ady bilen çap edildi.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Jon Dalhuisen Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Amnesty International” guramasy ozalky sowet respublikarynyň gözlenilýän adamlary ondan-oňa bikanun göçürmegine çuňňur alada bildirýär. Bu adamlaryň öz ýurtlarynda gynamalara we ýowuz daraşmalara sezewar edilmek howpy bar”.

Hasabatda Merkezi Aziýa we GDA ýurtlarynyň arasynda adamlary nähili aňsatlyk bilen yzyna iberip bolýandygyna üns çekilýär. “Amnesty International” guramasy bularyň “sebitara çalşyk maksatnamalarynyň” çäginde dowamly amala aşyrylyp gelinýändigini belleýär.

Ekstremizm

Dalhuisen ekstradisiýa edilýänleriň aglaba dini ekstremizme ilteşikli bolmakda aýyplanýanlardygyny aýdýar.

Hasabatda adamlaryň ekstradisiýa edilmek meselesine Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudunyň goşulmagy netijesinde, prosesiň kähalatlarda togtadylýandygy bellenilýär. Emma şol bir wagtda, “halkara hukugyny bihaýalyk bilen ýoýmak” diýlip häsiýetlendirilen çäreler esasynda, adamlaryň soňra zor bilen yzyna, olara adamkärçiliksiz jeza çäreleriniň garaşýan ýerlerine iberilýändigi-de bellenilýär.

Dalhuiseniň belleýşi ýaly, esktradisiýa meselesine GDA-nyň her bir ýurdy özboluşly çemeleşýär. Ol: “[Ekstradisiýa] talabyny köplenç Özbegistan we Täjigistan edýär. Olar köplenç halatda Russiýadan ýa-da Gazagystandan bosgunlyk soraýan adamlary yzyna dolamagy soraýarlar. Şunlukda [adamlary gelen ýurduna] ekstradisiýa edýän ýurtlar Russiýa, kähatlatarda Ukraina we Gazagystan. Adamlaryň berilmegini soraýanlar bolsa Özbegistan bilen Täjigistan”.

Dalhuisen agzalan hasabaty ýaýratmak bilen “postsowet giňişliginde, dünýäniň gözüniň alnynda durmuşa geçirilýän adam alyş-beriş programmasyna, şeýle-de bu şübheli işe baş goşýan döwletlere hiç kimiň hiç zat diýmeýändigine ünsi çekmek” maksadynyň bardygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG