Sepleriň elýeterliligi

Morsi häkimiýetden el çekmejekdigini aýdýar


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi özüniň döwlet başyndan çekiljek däldigini yglan etdi we özüniň “konstitusion ygtyýarlygyny” goramak üçin janyny bagyş etmekçidigini duýdurdy.

Morsi sişenbe güni milli telewideniýede eden çykyşynda ýurduň öňki lideri Hosni Mubaragyň tarapdarlaryny häzirki protestleri tutaşdyrmakda we hökümeti dargatmaga synanyşmakda aýyplady.

Morsi öz garşydaşlary bilen barlyşyga gelmek boýunça çäre görmegi, şol sanda öz hökümetiniň düzümini täzelemegi wada berdi.

Morsiniň bu çykyşy harbylaryň ultimatumy öňe sürüp, çarşenbe günüň agşamyna çenli wagt möhletini bermeginiň yzýany edildi. Harbylar Morsiniň garşydaşlary bilen barlyşyga gelmegini talap edýärler, bolmasa, öz planyny öňe sürmekçidiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, onlarça müň adam hem Morsiniň, hem-de onuň garşydaşlarynyň tarapynda çykyş edip, Müsüriň köçelerine çykýarlar.
XS
SM
MD
LG