Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde türkmen raýaty sud edildi


Orsýetiň Kolomna şäherinde Türkmenistanyň raýatynyň sud edilendigi barada orsýet metbugaty habar berýär.

“Kolomna-sprawka.ru” websaýtynyň şäher prokuraturasyna salgylanyp, habar bermegine görä, Kolomna şäheriniň sudy türkmenistanly Alim Ýuldaşewy 8 ýyllap berk režimli koloniýada türkme tussaglygyna höküm edipdir.

Ýuldaşew 2001-nji ýylda adam öldürmekde aýyplanýar. Habar berlişine görä, Ýuldaşew ençeme ýyllap gözlegde bolup, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Ukrainada tussag edilipdir we şol ýylyň awgust aýynda orsýet tarapyna tabşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG