Sepleriň elýeterliligi

Azeri oppozisiýasy prezidentlige sungat wekilini hödürleýär


Rustam Ibragimbekow

Rustam Ibragimbekow

Azerbaýjan oppozisiýasynyň Milli geňeşi 2-nji iýulda öňdäki oktýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryna senarist Rustam Ibragimbekowy dalaşgär hökmünde hödürledi.

“Beloýe solnse pustyni” (“Çölüň ak güneşi”) we “Güne ýananlar” atly kinolary bilen medeniýet we sungat älemeinde meşhurlyk gazanan Ibragimbekow özüne Orsýetden we Birleşen Ştatlardan edilýän goldawdan hoşal. Onuň üçünji ýola prezidentlige dalaş edýän despot baştutan Ylham Alyýewe garşy agramly garşydaş bolmagy ahmal.

Azerbaýjanda geçirilýän “berk kontrol astynda” saýlawlarda garaşylmadyk adamlaryň wezipä dalaş etmegi seýrek duş gelýän ýagdaý.

Ýöne Azerbaýjanyň oppozisiýasy nebite baý ýurtda oktýabrda boljak prezidentlik saýlawlarynda adatdan daşary heýjanly geçjek saýlawlarda häzir bu wezipäni eýeleýän Ylham Alyýewiň garşysyna kimi dalaşgärlige hödürlejekdigini ylalaşdy.

Rustam Ibragimbekow ýaş režisýorlar bilen. Baku. 1982 ý.

Rustam Ibragimbekow ýaş režisýorlar bilen. Baku. 1982 ý.


Demokratiki güýçleriň Milli geňeşi (ýurduň esasy oppozision partiýalaryny bir supranyň daşyna üýşüren topar) sişenbe güni “Çölüň ak güneşi”, “Güne ýananlar” atly meşhur sylaglara mynasyp bolan kinolaryň senariçisi we belli ors režissýory Nikita Mihalkow bilen uzak wagtlap işleşen görnükli sungat işgäri Ibregimbekowy prezidentlige kandidatlyga hödürlemek üçin ses berişlik geçirdi.

Ibragimbekowyň ady, ol geçen aý geňeşiň başlygy wezipesine bellenen gününden bäri, potensial dalaşgär hökmünde agzalýardy. Ýöne Azerbaýjanyň kejir oppozisiýasy gutarnykly bir dalaşgäri seçip, bu meselede birleşip-birleşmejegi belli däldi. Galyberse-de, özüni syýasatda “gögele” diýip häsiýetlendirýän 74 ýaşly Ibragimbekowyň özüniň kandidatlyga hödürlenmegine razy boljagy-bolmajagy-da anyk däldi.

Ibragimbekow özüniň dalaşgär hökmünde hödürlenmeginiň edil yz ýany Moskwadan Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna telefon arkaly başdan geçirýän ýönekeý bolmadyk duýgularyny gürrüň berip, ýöne şonda-da ynamy ödemäge çalyşjakdygyny aýtdy: “Bu gaty uly jopagkärçilikli iş. Men öz ýoldaşlaryma maňa bildiren ynamlary üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Men üstünlik gazanmak üçin elimde baryny gaýgyrmaryn. Men Azerbaýjan halkyna bil baglaýaryn. Olar özleriniň taryhy ýazgydyny saýlarlar. Eger men muňa ynanmasadym, onda bu jogapkärçiligi boýun almazdym. Men soňuna çenli göreşerin.”

Nähili hem bolsa...

Ibragimbekowyň saýlawlarda gazanyljak sesleriň sanyna täsir etmegi hökman däl. Sebäbi hökümet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasyndan dalaşgär, ýurduň häzirki prezidenti, 51 ýaşly Ylham Alyýewiň üçünji sapar prezidentlik saýlawynda ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Bu ýagdaýa Azerbaýjan konstitusiýasy hem rugsat berýär.

Ylham Alyýew

Ylham Alyýew

Ýöne IIbragimbekow ýaly ýurduň içinde we daşynda giňden tanalýan we hormatlanýan medeniýet işgäriniň gatnaşmagy bilen, 20 ýyldan bäri şol bir maşgala tarapyndan dolandyrylýan we gün geçdigiçe awtokratlaşýan deňizýaka ýurdunda, nämedir bir zatlaryň üýtgemelidigine üns çekiler.

Sişenbe güni Milli geňeş Ibragimbekowyň dalaşgärlige hödürlenmegi bilen bir hatarda resmi memorandumy tassyklady. Resmi memorandumda Azerbaýjanyň oppozisiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda ýurtdaky syýasy sistemanyň başdan-aýak düýpli gözden geçiriljekdigi aýdylýar.

Memorandumda iki ýyllyk “geçiş prezidentlik” döwri, 2014-nji ýylda parlament saýlawlary, şeýle hem prezidentiň güýjüniň azaldylyp, kanunçylaryň, ýagny parlamentiň has güýçlendirilmegi göz öňünde tutulýar.

Azerbaýjan Halk partiýasynyň ýolbaşçysy Ali Kerimli sişenbe güni Milli geňeşiň geçiren ýygnagyna gatnaşdy we ol Ibragimbekowyň Azerbaýjany syýasy geçişden alyp çykyp biljek ideal kandidatdygyny aýtdy.

Ali Kermili bu barada şeýle diýýär: “Onuň soňky ýyllarda duran pozisiýasy üçin, Milli geňeşi döretmekde uly işleri bitireni üçin we Azerbaýjanyň halkynyň arasynda we ýurduň daşynda abraýy ýokary bolany üçin Ibragimbekow bu wezipä mynasyp. Bu adam diňe iki ýyl prezident bolýar. Ol indiki saýlawlara gatnaşmaýar. Ol prezidentlik we parlament saýlawlarynda özüne mirasdüşer goýmagyň pikirini etmekçi däl. Ol geçiş döwründe milletimiz üçin zähmet çekip demokratiki ýurtlaryň hataryna goşulmak üçin işlär. Biz Rustam Ibragimbekow şeýle adam bolup biler diýip pikir edýäris.”

Abraý

Onuň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, Ibragimbekowyň baýlygy oňa syýasatda garaşsyz bolmaga mümkinçilik berýär. Oňa Orsýetde-de, Birleşen Ştatlarda-da meşhur adam hökmünde garalýar we ony bu agzalan iki ýurduň-da saýlawlarda goldamagyna garaşylýar. (Saýlawlaryň geçiriljek anyk senesi resmi taýdan entek aýdylmady, ýöne konstitusiýa görä, ol oktýabryň 3-nji çarşenbesine planlaşdyrylmaly, ýagny saýlawlar 16-njy oktýbar töwereginde geçiriler.)

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we Rustam Ibragimbekow (sagda). 2004 ý.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we Rustam Ibragimbekow (sagda). 2004 ý.


Ibragimbekow “Güne ýananlar” kinosy üçin 1995-nji ýylda uly sylaga mynasyp bolupdy we şol ýylyň iýun aýynda ol Waşingtona sapar edipdi. Ol ýerde Ibragimbekow kanunçykaryjylara Azerbaýjanda “demokratiýany ösdürmäge” höwesleriniň bardygyny aýdypdy.

Häzir Moskwadaky Ibragimbekowyň köpleri, aýratynam güýçli tarapdarlary özüne çekmegine garaşylýar. Mysal üçin, “millionerler bileleşigi” diýlip tanalýan Orsýetdäki “Azerbaýjan Guramalarynyň Bileleşigini”, özüniňem agzasy bolan we şol sanda LUKoilyň prezidenti Wagyt Alekperowy we “emläk lokomotiwi” hasaplanýan Araz Agalarowy-da öz içine alýan diasporanyň goldaw toparyny özüne çekmegine garaşylýar.

Elbetde, daşary ýurtda tarapdar ýygnamaly welin, ýöne ýurtda-da saýlaw kampaniýasy üçin wagt sarp etmeli. Dalaşgär hödürläp, bir aladadan dynan oppozisiýanyň tarapdarlary indi Ibragimbekowy mümkingadar tiz wagtda Azerbaýjanda göresleri gelýär. Onuň ýurda dolanmagy, Ibragimbekowyň özüniňem belleýşi ýaly, tussaglyga-da eltip biler, janyna kast edilmegine-de getirip biler.

“Musawat” oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy Isa Gambarly Milli geňeşiň gelen netijesini goldady, ýöne ol şonda-da birden Ibragimbekow ýurda gelmedik ýagdaýynda ätiýaçlyk hökmünde öz partiýasynyň kandidatlygyny goýbolsun edenok.

Isa Gambarly bu barada şeýle diýýär: “Ibragimbekow şu aýyň ahyryna çenli Azerbaýjana geljekdigini aýdýar. Biziň muňa ynanasymyz gelýär. Biz ýene bir aýdan ondan “Ýüz müň adamy ýygnaň, men Bakuwa geljek” diýen gürrüňi eşitmeris diýip umyt edýärin. Soň ýene iki aý geçensoň, “Meniň kandidatlygym registrasiýa edilensoň geljek” diýen gürrüňi eşitmeris diýip umyt edýärin. Kandidatlygyňy registrasiýa etdirmeklik töwekgelçilikli ýagdaý. Biziň çykaran ýeke-täk kandidatymyzdan başga-da kandidatlar bar bolsa onda häkimiýetleriň olardan saýlap almak mümkinçiligi bolar. Bu hem töwekgelçilikli ýagdaý. Şeýle bolmagy ahmal we bolaýan ýagdaýynda Milli geňeş dolulygyna saýlawlardan çetleşdiriler”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG