Sepleriň elýeterliligi

Akmuhammet Baýhanyň goşgulary


Türkmen gyzlary we dutar

Türkmen gyzlary we dutar

"Watan"

Ýüregim joş alar, çyksam daglara,
Çölleriň, düzleriň jennetdir, watan.
Bir tarapyň Hazar, beýläňde Amyň,
Derýalaryň seniň damaryň, watan.

Jerenler çölüňde seýrana çykar,
Durnalar asmandan pelpelläp uçar,
Dutaryň owazy göwnüňi açar,
Aksakallar seniň buýsanjyň, watan.

Asyrlardan geler taryhyň seniň,
Şahyrlar, bagşylar owazyň seniň,
Bedew atyň meňzär dünýäge, görüň,
Asyrlaryň taryhyn, göterýän, watan.

Deňemerin seni Karun baýlygyna,
Göripleriň heňine, dünýäniň jeňine,
Kezzabyň ýurduna, bir düýpsiz dawa,
Ýeke-täksiň ezizim, owazym, watan.

Magtymguly bardyr, şahyrlar başy,
Baba Gammar piriň, dutaryň başy,
Kim söýse watany, göwnümiň hoşy,
Akmuhammet, Türkmenistandyr watan!


"Magtymguly Sen"

Türkmeniň taryhy, şahyrlar başy,
Seniň şygyrlaryň, il-göwün hoşy,
Türkmen aýdymynyň, sazynyň başy,
Magtymguly sen, şahyrlar başy.

Gezipsiň bu dünýäni köneden,
Ýazyp sen şygyrlary täzeden,
Akyl-paýhas goýup giden iliňe,
Ili Gökleň, ady Magtymguly sen.

Maý günleri seniň adyň tutulýar,
Seniň şygyrlaryň ýatdan aýdylýar,
Ýürek joşýar, köňül bir az eglenýär,
Geçmişiň şaýady, Magtymguly sen.

Gezipsiň iliňi, bütin dünýäni,
Görüpsiň Hywany, Rumy, Owgany,
Şygyrlaryň seniň habar berýärmi,
Türkmeni tanadan, Magtymguly sen.

Her haçan barsaň seniň iliňe,
Garrygala atly seniň ýurduňa,
Her bakaňda daglaryňa, düzüňe,
Ajap ýurdy goýan, Magtymguly sen.

Şygyrlarda wasp edip sen duýgyny,
Öz söýgüňi, Gökleň gyzy Meňlini,
Deňiňden geçiren ajap duýgyňy,
Türkmeniň mirasy, Magtymguly sen.

Men Akmuhammet, ýatladym seni,
Seniň şygyrlaryňy, geçen ýoluňy,
Aýdabilsem şol bir ajap duýgyny,
Ýagty ýadygärlik, Magtymguly sen.
XS
SM
MD
LG