Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Harbylar prezident Morsini çetleşdirdiler


Müsüriň goranmak ministri Abdel Fattah al-Sissi ýurduň telewideniýesinde beýanat bilen çykyş edýär. 3-nji iýul, 2013 ý.

Müsüriň goranmak ministri Abdel Fattah al-Sissi ýurduň telewideniýesinde beýanat bilen çykyş edýär. 3-nji iýul, 2013 ý.

Müsüriň harby güýçleri ýurduň Konstitusiýasyny togtadyp, täze prezidentlik saýlawlaryny geçirmek ugrunda çärelere başlaýandyklaryny mälim etdiler.

Bu beýanat bilen Müsüriň prezidenti Mohammad Morsiniň ygtyýarlyklyklary ýatyryldy. Mundan öň, millionlarça müsürli Morsiniň yslam gymmatlyklaryna daýanýan hökümetine garşy protestler geçiripdi.

Müsüriň harby güýçleriniň ýolbaşçysy Abdel Fattah al-Sissi täze prezident saýlanýança, ýurduň Konstitusion sudunyň baş sudýasyna prezidentiň kararlaryny çykarmak ygtyýarlygynyň berilýändigini, şeýle-de ýurdy tehnokratik hökümetiň dolandyrjakdygyny mälim etdi.

Täze saýlawlaryň haçan geçiriljekdigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Mundan ozal, Morsi protestlere garamazdan häkimiýetden çekilmejekdigini aýdypdy.

Morsiniň yslamçy tarapdarlary “harby agdarylyşyk” diýip häsiýetlendiren bu çärä garşy durjakdyklaryny aýdyp, haýbat atdylar.

3-nji iýulda Morsiniň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Essam al-Haddad “harby agdarylyşyk gandöküşliksiz amala aşmaz” diýip, çykyş edipdi.

Morsiniň garşydaşlary harbylaryň hereketine garaşyp, Kairyň merkezi "Tahrir" meýdançasyna ýygnandylar.

Protestçileriň biri žurnalistlere “ähli zada garaşybermeli, nämeleriň boljakdygyny hiç kim çaklap bilmez” diýip, gürrüň berdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Eger-de ‘Musulman doganlary’ häkimiýetde galmak isleseler, ýagdaýlaryň graždanlyk urşuna çenli hem ýazmagy mümkin. Eger-de zorluk ulanylsa, oňa zorluk bilen jogap beriler. Şeýlelikde graždanlyk urşunyň turjakdygy ikuçsyzdyr” diýdi.

Morsiniň tarapdarlary hem paýtagtyň etegindäki Nasr şäherinde toplandylar.

Çarşenbe güni ýurduň içeri işler ministri islendik gazaplylyga berk çäre görüljekdigini duýduryp, çykyş etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG