Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Mansur prezidentligi ýerine ýetirer


Müsüriň Konstitusion sudunyň başlygy Adli Mansur penşenbe güni ýurduň ýerine ýetiriji prezidenti hökmünde kasam eder.

Munuň öňüsyrasynda ýurduň yslamçy prezidenti Mohammad Morsi harbylar tarapyndan häkimiýet başyndan çetleşdirildi. Goşun generaly Abdul Fattah al-Sisi bu barada çarşenbe güni telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Sisi Morsiniň “halkyň talaplaryny ret edendigini” belledi. Millionlarça adam bu habary uly dabara bilen garşy aldy.

Şeýle-de, harbylar yslamçylar tarapyndan düzülen Konstitusiýany ret edip, täze saýlawlary geçirmegi wada berdiler.

Şol bir wagtda-da, ýurduň birnäçe şäherlerinde çaknyşyklar emele geldi. Yslamçylaryň polisiýa garşy ot açmagy zerarly azyndan 9 adam heläk boldy.

“Musulman doganlar” toparynyň metbugat wekili Morsiniň ýene 12 sany ýarany bilen öý tussaglygynda saklanýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG