Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Dünýä reaksiýa bildirýär


Müsüriň harbylarynyň prezident Mohamed Morsini çetleşdirmek kararyna reaksiýalar köpelýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama harbylaryň hereketine “çuňňur aladalanma” bildirýändigini mälim etdi we Waşingtonyň Müsürde tizden-tiz demokratik ýoldan saýlanan hökümetiň bolmagyny isleýändigini aýtdy. Obama Müsüre daşary ýurt ýardamyny bermek meselesine gaýtadan garalandygyny belledi.

Saud Arabystanynyň patşasy Abdullah Müsüriň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji edip bellenen Adli Mansury gutlady. Pars aýlagynyň arap döwletleri Katar we Birleşen Arap Emirlikleri hem Morsiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegini makulladylar.

Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assad Müsürdäki agdarylyşygyň syýasy yslam üçin ýeňiliş bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG