Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar we syýasat: kim näme pikirde?


Türkmen ýaşlary

Türkmen ýaşlary

Türkmenistanda 2013-nji ýylyň dekabr aýynda parlament saýlawlary geçiriler. Bu möhüm syýasy çärä ýurduň taryhynda ilkinji gezek iki partiýa gatnaşar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda belli bir syýasy ýörelgäni tutýan ýaşlaryň öz jemgyýetdir toparlary, hereketleri bolýar. Olar hem öz gezeginde ýurduň syýasy durmuşynda uly roly oýnaýarlar.

Şol bir wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň şeýle hereketleriniň, guramalarynyň ýetmezçilik edýändigi, ýaşlaryň döwletiň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmaýandygy aýdylýar.

Eýsem, türkmenistanly ýaş oglandyr gyzlaryň, beýleki döwetlerde bolşy ýaly, ýurduň syýasy durmuşy bilen gyzyklanmagy, oňa täsir ýetirjek bolmagy näme üçin ösmedik? Bu ýagdaýy üýtgetmek üçin nämeler edip bolardy?

Bu soraglara türkmenistanly ýaşlaryň beren jogaplaryny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG