Sepleriň elýeterliligi

Morales ýurduna dolandy


Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales öz uçarynyň ýoluny üýtgetmäge mejbur edilmegini Latin Amerika garşy prowokasiýa, diýip atlandyrdy.

Moralesyň uçary Orsýetden gelýärkä çarşenbe güni Awstriýada 14 sagatlap saklanypdy we onuň içinde amerikan howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri Edward Snowdenyň bolmagynyň güman edilmegi sebäpli barlanypdy. Moralesyň hökümetiniň aýtmagyna görä, Fransiýa we Portugaliýa uçary öz giňişliklerinden geçirmän onuň Awstriýada gonmagyny talap edipdirler.

Morales özüni aeroportda garşylan tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Ýewropanyň käbir ýurtlary özlerini Birleşen Ştatlardan has erkin alyp barmaly, diýip belledi. Boliwiýanyň hökümeti bu wakada ABŞ-nyň eli bar, diýip hasap edýändigini mälim etdi.

Prezident Barak Obama ABŞ-da gözlenýän amerikan raýaty Edward Snowdene gaçybatalga berilmeginiň gymmada durjak bir ädim bolup biljegini duýdurdy.

Latin Amerikanyň 12 ýurdunyň ýolbaşçylary bolan wakany “dostlukly bolmadyk we delilsiz hereket” diýip atlandyrdylar we penşenbe güni Boliwiýada sammit geçirmäge çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG